Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz irden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden uçarda ýurdumyzyň demirgazyk sebitine tarap ugrady.Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde milli Liderimizi sebitiň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda saklandy.Häzirki döwürde ýurdumyzda täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmak işleri bellenilen meýilnama laýyklykda, netijeli dowam edýär.Bu ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň we onuň eksport möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde energetika ulgamynyň pudaklaýyn düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. “Türkmenenergotaslama” institutynyň ýolbaşçysy W.Rahmanow ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmäge gönükdirilen kuwwatlyklaryň, güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy bolsa 560 kilometr bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, energiýa serişdeleriniň baý gorlarynyň netijeli peýdalanylmagynyň ykdysady taýdan bolşy ýaly, durmuş taýdan hem örän bähbitlidigini belledi. “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ýolbaşçysy N.Ataýew hünärmenler tarapyndan dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijilerini we transformator beketlerini gurmagyň baý tejribesiniň toplanandygy barada aýdyp, güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijileriň we beketleriň, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 421 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Balkan, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 380 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Mary, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 25 kilometr bolan iki zynjyrly Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň, şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň taslamalary, Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça howa elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen Ahal döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, onuň düzüminde bug turbina generator binasy, 4 sany bug gazany, 2 sany transformator we beýleki kömekçi desgalar bolar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň düzümine bug turbina binasy, sowadyjy desga, howa gysyjy bina, ätiýaçlyk dizel generatory, ýagyş suwuny toplaýjy desga, transformator bekedi, bug gazany, esasy elektrik paýlaýjy desga we beýlekiler girýär. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketleriniň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde bu ulgamyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň geçýän ugrunyň, Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Watan DES-ne çenli aralygyň, Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinden Kabula çenli çekilmegi göz öňünde tutulýan ugurlar barada aýdyldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimize Mary DES-nden Hyrat — Farah — Kandagar ugrunyň we Owganystanyň üsti bilen Pakistana çenli geçiriljek ugruň çyzgylary barada hasabat berildi. Şeýle hem wise-premýer Mary — Maşat ugry boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän 500 kilowolt elektrik hem-de uzynlygy 140 kilometr bolan Mary — Sarahs ugry boýunça howa elektrik geçirijisi, güýjenmesi 400 kilowolt, uzynlygy bolsa 15 kilometr bolan Sarahs — Maşat ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň meýilleşdirilýän gurluşyklary barada habar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Milli Liderimiz täze ýylyň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, degişli toplumlaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen iş maslahatlarynyň geçirilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ahal — Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça gurulýan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşine batly itergi berjek ygtybarly energiýa çeşmeleriniň ýene-de biriniň dörediljekdigine ünsi çekdi.
Ahal — Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriň we beketleriň doly derejede gurulmagy energoulgamyň ygtybarly hereketini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ugry 2021-nji ýylda ulanmaga berildi.
Energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrynda gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilýär.Bu ugruň Garagum sährasynyň içi bilen geçýändigini nazara alanyňda, ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmeli boljakdygyny aňladýar. Şonuň üçin Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriň we beketleriň gurluşygynyň maksatnamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda bir bitewi energoulgamy döretmek boýunça milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan taslamany amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer energetika pudagynyň işiniň döwrebap derejede ösdürilmegine, önümçilik kuwwatlyklarynda ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Bu taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde dünýäniň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer tutuş sebit ähmiýetli taslamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde alnyp barylýan işler bilen tanşandygy hem-de halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygynyň dürli meseleleri boýunça özüniň wajyp maslahatlaryny berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň tutuş ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna geldi.Bu ýerde milli Liderimizi “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy we hünärmenleri mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen salamlaşyp, hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde öndürilýän önümler we olaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.Bu ýerde “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ö.Sopyýew hormatly Prezidentimize alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda hojalyk jemgyýetiniň agzybir toparynyň sazlaşykly işi barada gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, bu hojalykda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär.Telekeçi guşçulyk toplumynda ýylyň dowamynda alty tapgyrda 210 müň jüýjäniň çykarylýandygyny, bir tapgyrda 35 müň jüýje goýberilip, olaryň 45 günde ýetişýändiklerini habar berdi.
Hind towugynyň mäkiýany 120 günde, horazy bolsa 150 günde ýetişýär. Şonda mäkiýanyň agramy 8 — 10 kilograma, horazyň agramy bolsa 14 kilograma ýetýär.Hormatly Prezidentimiz taýýarlanylan towuk etleriniň gaplanylyşy, olaryň göze gelüwliligi hem-de önümleriň nyşany bilen gyzyklandy.
Telekeçiler döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň bu ýere düşmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny bellediler we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde dessan aýdyp bermekçidiklerini nygtadylar.Hünärmeniň ýerine ýetiren dessany ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine ägirt uly işleri alyp barýan milli Liderimize bildirilýän hoşallyk bolup ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly işleri ýerine ýetirýän telekeçilere mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.