Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.

Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden günbatara, Balkan welaýatyna tarap ugur aldy.Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri deňizýaka şäheriniň howa menzilinden dikuçarda Esenguly etrabynda ýerleşýän Uzynada nebitgaz meýdançasyna tarap ugrady.Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen topragynyň milli baýlyklaryny, baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda nebithimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işleýän häzirki zaman senagat toplumlary guruldy.

Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin önümçiligi boýunça gurnama, ýokary dykyzlygy bolan polietilen we dürli görnüşli polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda gurlup, ulanmaga berildi.

Bu iri toplumlaryň önümlerine bolan isleg artýar we olaryň eksport ugurlary giňelýär.Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutanyň, metanolyň we beýlekileriň önümçiligi boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýan wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion ulgamyny ösdürmäge we eksportyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.Biraz wagtdan milli Liderimiziň dikuçary Uzynada meýdançasynyň ýanyndaky ýörite niýetlenen meýdança gondy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, ilki bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerinde ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady. Şeýle hem milli Liderimiz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, dag eteklerinde, kenarýaka giňişliklerde bar bolan nebitgaz känlerine hyzmat edýän, buraw işlerinde ulanylýan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. Ýörite taýýarlanylan ýerde Balkan welaýatynyň çäginde, hususan-da, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda ýerleşýän nebitgaz känleri, olaryň önümçilik mümkinçilikleri hem-de täze açylan känleri senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, nebitgaz känleriniň önümçilik derejesi, täze açylýan ýataklaryň gorlarynyň möçberleri hem-de olaryň ylmy taýdan özleşdirilişi bilen gyzyklandy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow taýýarlanylan taslamalaryň üsti bilen häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Balkan welaýatynyň, aýratyn-da, Hazaryň kenarýaka çäklerindäki känleriň önüm berijiligini artdyrmak, geljegi uly hasaplanylýan guýularyň işini ylmy esasda öwrenmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, institutda işleýän alymlaryň yzygiderli tagallasy netijesinde, degişli ugurlar boýunça ösen tejribäni öwrenmek, institutyň işine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň, aýratyn-da, ylmy-barlag institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bular barada taýýarlanylan taslamalaryň görnüşleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdelerine baý gorlar barada maglumat berýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu işleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz pudagynyň önümçilik görkezijileriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan we geljegi uly hasaplanylýan Uzynada hem-de Demirgazyk Goturdepe meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, meýdançalaryň çäginde bar bolan guýularyň önüm berijiligi, olary ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda gürrüň berýän taslamalaryň üsti bilen nebit guýularynyň senagat taýdan özleşdirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitgaz senagatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, aýratyn-da, bu babatda 2022-2023-nji ýyllar üçin meýilnamada kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan nebitgaz ýataklarynyň önüm berijiligine, olaryň senagat taýdan özleşdirilişine hem-de geljegi uly hasaplanylýan ýataklary ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanandygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý ýataklary gözlemek, olary ýüze çykarmak hem-de täze känleri senagat taýdan özleşdirmek wezipelerini ýerli hünärmenler alyp barýar.Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem wise-premýer Uzynada meýdançasyndan we Çeleken käninden alnan nebitleriň görnüşlerini görkezip, bu nebit önümleriniň aýratynlyklary, olaryň hili barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz nebit önümlerini synlap, olaryň ylmy esasda öwrenilmegi, bu känleriň senagat taýdan özleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda çemeleşilmelidigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, şol sanda gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyň, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, pudaga täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary ornaşdyrmak, mundan başga-da, pudagyň ähli düzümleri üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň güýçli depginde dowam etdirilmelidigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde sebitiň nebitgaz känlerini toplumlaýyn özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýere ýygnanan ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny ösdürmek barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň başynda Balkan welaýatyna amala aşyrýan saparynyň hemme işgärleri täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow geologik-gözleg, burawlamak işleri, guýulary hem-de nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek ýaly möhüm ugurlar boýunça institut tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Uzynada meýdançasynyň açylmagy alymlaryň bu ýerde nebitiň we gazyň uly ýataklarynyň bardygy baradaky çaklamalaryny tassyklady.Olaryň özleşdirilmegini işjeňleşdirmek üçin institut tarapyndan öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly zerur gözleg-barlag işleri işjeň alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Rozyýewe söz berildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly badalga berilýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak babatda döredilýän şertler döwlet korporasiýasyna Balkan welaýatynda geologik-gözleg işlerini üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 2D we 3D seýsmiki gözlegler esasynda täze ýataklary ýüze çykarmak barada beren tabşyryklary boýunça Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda gözleg-barlag işleri alnyp barylýar.Uzynada meýdançasynda nebitiň, gazyň we kondensatyň uly senagat akymlary alyndy hem-de alymlaryň we hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu meýdançanyň geljegi uludyr. “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni we onuň garamagyndaky “Nebitgazylmytaslama” instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny, ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleriň, şol sanda özleşdirilýän ýataklarda guýulary düýpli abatlamak we täzelerini gurmak işleriniň sanawynyň düzülendigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berildi.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda hem-de berýän ägirt uly goldawy netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý sebitleri ýüze çykarmak, şol ýerleriň nebit we tebigy gaz gorlaryny düýpli öwrenmek, täze önümli gatlaklary özleşdirmek üçin guýulary burawlamak, hereket edýän nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleriniň tagallasy netijesinde, Uzynada meýdançasynda ýüze çykarylan känleriň nebit gorlarynyň mukdarynyň 5 million tonna barabardygy çaklanylýar.Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan berýän uly ünsi hem-de amala aşyrylýan işlere goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe söz berildi.Ol sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdy. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna guralan iş saparynyň çäklerinde welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, adamlaryň abadan durmuşy we sebitde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň adamlary täze üstünliklere, belent ýeňişlere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Häkim milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanynyň giňeldilendigini hem aýdyp, bu ekinlerden alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, geljekde bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sebiti ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwletimiziň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Soňra milli Liderimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz ýurdumyzda bu baýlyklary özleşdirmek we halkymyzyň bähbidine gönükdirmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän daşary ýurtly maýadarlar üçin hem amatly şertler üpjün edilýär.

Häzirki döwürde Günbatar Türkmenistanda çig nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-agtaryş işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Uzynada we Goturdepe känleriniň bir bölegi bolan Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Täze özleşdirilýän Uzynada käninde burawlanýan gözleg-barlag guýularynyň berýän netijelerine laýyklykda, geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we käniň uglewodorod gorlaryny artdyrmak, şeýle hem önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek zerur bolup durýar.

Demirgazyk Goturdepe ýatagynda gözleg-barlag guýulary bilen bir hatarda ulanyş guýularynyň köp sanlysynyň gazylmagy alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge, tebigy baýlyklaryň gor serişdelerini artdyrmaga hem-de önüm berýän guýularyň sanyny has-da köpeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze özleşdirilýän bu känlerde nebiti we gazy çykarmak, önümli meýdançalaryň çägini giňeltmek, şeýle hem nebitgaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir. Şeýle hem Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň geologiýa-gözleg işleriniň netijelerine laýyklykda, ulanyş guýularynyň sanynyň artmagy bilen, olary bökdençsiz işletmek üçin bu ýerde gaz gysyjy desgany gurmak hem möhüm işleriň biri bolup durýar.

Geçirilýän işler ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň taryhy wakalara, ägirt uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.Biziň ähli tagallalarymyz milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hazaryň balyk awlanýan çägine tarap ugrady.Bu ýerde milli Liderimizi Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy N.Meretgylyjow mähirli garşylady.Döwlet Baştutanymyz balykçy bilen hal-ahwal soraşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

N.Meretgylyjow häzirki döwürde ähli hünärde işleýänler bilen bir hatarda, balykçylyk bilen meşgullanýanlar üçin amatly şertleriň döredilendigini, balykçylara döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawyň berilýändigini uly buýsanç bilen belledi.Ol balykçylyk ulgamyna ornaşdyrylýan täzeçillikleriň aýratyn ähmiýetini belläp, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu ýerde awlanýan balyklar, olaryň görnüşleri görkezildi. Şolaryň hatarynda balygyň kakadylan görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek.Munuň özi Hazaryň kenarynda ýaşaýan ilatyň esasy hünäri bolan balykçylygyň has-da kämilleşendigini, onuň häzirki döwrüň ýagdaýyna görä ösüşiň ýokary derejesine çykandygyny hem-de bu ugurda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

N.Meretgylyjow on ýyl bäri balykçylyk bilen meşgullanýandygyny, bu hünäriň özüne kakasyndan geçendigini we balyk awlamak hünärini ele alandygyna örän şatdygyny aýratyn nygtady.Balykçy häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen, işiň täze usullarynyň döredilýändigini, onuň bolsa balykçylar üçin bähbitlidigini uly höwes bilen gürrüň berdi. Şol pursatda N.Meretgylyjowyň balykçy ýoldaşlary deňizden gaýdyp geldiler we döwlet Baştutanymyzy bu ýerde görýändiklerine örän şatdyklaryny aýtdylar.

Milli Liderimiz balykçylaryň işiniň aýratynlyklary, balyk awlamakda toplan tejribeleri hem-de balykçylygyň bähbitli taraplary bilen gyzyklandy.Balykçylar gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy netijesinde ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygyny, balykçylyk hünärine bolan höwesiň artandygyny hem-de täze usulda işlemegiň bähbitli taraplary barada aýdyp, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olaryň maşgala agzalarynyň durmuşy we balykçylygyň ykdysady bähbidi bilen gyzyklandy.

Balykçylar netijeli işlemek, göwnejaý dynç almak we ýokary derejeli ýaşaýyş babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda mesgen tutan ýerli ilat, esasan, balykçylyga üns berýär.

Taryhdan belli bolşy ýaly, kenar ýakalarynda ýaşaýan türkmenler örän irki döwürlerden balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar.Olar balyk awlamagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar.Saýlap alan hünärinden bagt tapan balykçylar aýyň dowamynda 10 — 12 gezek deňiz giňişligine gidýändiklerini hem-de kenardan 3 müň metr uzaklykda balyk awlaýandyklaryny, tor guranlaryndan soň, howa ýagdaýyna görä ony barlap durýandyklaryny gürrüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, her gezek 40 — 50 kilogram töweregi balyk tutulýar.Bu bolsa toparyň agzalarynyň maşgalalary üçin hem, söwda bazarlarynda ýerlemek üçin hem ýeterlik bolýar.Mundan başga-da, balykçylar bu ýerde gaty kelle, ak balyk, gara balyk, kepir, çapak, bekre we beýleki görnüşli balyklaryň duş gelýändigini aýtdylar. Şeýle hem olar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna girip, öz işlerini telekeçilik usulynda alyp barýandyklaryny gürrüň berdiler.

Bu bolsa olaryň tutan balyklaryny islendik bazarda, söwda dükanlarynda ýerlemäge mümkinçilik berýär.Döwlet Baştutanymyza balykdan taýýarlanan dürli tagamlar görkezildi.Milli Liderimiz bu tagamlaryň aýratynlyklary, olary taýýarlamagyň usullary, balykdan taýýarlanylan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Balykçy balykdan taýýarlanylýan tagamlaryň görnüşleriniň örän köpdügini, olaryň Esenguly etrabynda tutulýan toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülýändigini gürrüň berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balygyň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belläp, ondan taýýarlanylan tagamlaryň adam bedenine ýetirýän oňyn täsirini, bu tagamlaryň adamyň iýmit siňdiriş ulgamy üçin ýeňildigini aýdyp, bu önümleriň lukmançylyk ylmy esasynda dermanlyk ähmiýetiniň bardygyny we kesel bejerijilik ukybynyň ýokarydygyny belledi. Öz işlerinden kemal tapan balykçylar milli Liderimiz bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji iş saparyny Esenguly etrabyna amala aşyrandygyny bellediler.

Milli Liderimiz bu ýere gelenden soň, täze, döwrebap şäher emele geldi. Şol pursatlary etrabyň ähli ilaty aýratyn mähir we şatlyk bilen ýatlaýar. Şeýle hem olar, ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň balykçylaryň mekanyna düşmeginiň özleri üçin uly mertebedigini aýtdylar.

Olar balykçylaryň işiniň ilerlemegi, balyk awlamak bilen bir hatarda, gaýtadan işlemek, önümleriň görnüşlerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawyň berilýändigini buýsanç bilen bellediler.Balykçylar özleriniň we Esenguly etrabynyň tutuş ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallyklaryny bu sebite mahsus bolan gazal çekmek bilen beýan etmekçidiklerini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz olaryň bu teklibini uly höwes bilen oňlaýandygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, balykçylar Hazaryň kenaryndaky ajaýyp giňişlikde belent owaza beslenen gazallary ýerine ýetirdiler.Deňziň kenaryndaky gazallar diňe bir balykçylaryň ýa-da Esenguly etrabynyň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize bildirilýän çuňňur hoşallygyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp gazallary we alyp barýan ähmiýetli işleri üçin balykçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we olara işlerinde üstünlikler, bagt arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiziň adyndan balykçylara sowgatlar gowşuryldy.Döwlet Baştutanymyz awtoulagda gidip barýan pursatlarynda bu töweregiň tebigy aýratynlyklaryny, gözýetime çenli uzap gidýän ajaýyp giňişligiň gyş paslynda emele gelen özboluşly görnüşlerini we sähranyň ösümlik dünýäsini synlady.

Dünýä ylmynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň her bir künjeginiň özüne mahsus aýratynlygy bolup, şol ýerlerde ýokary ekologiýa derejesi saklanylýar.Munuň özi türkmen topragynyň ähli ýerinde ýylyň her bir paslynda ýakymly howa gurşawynyň bardygynyň, onuň ynsan kalbyna oňyn täsir edýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi, şol ýerden paýtagtymyza ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary