Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän milli Liderimiz sport bilen meşgullanmagyň her bir adamyň ýaşaýyş kadasyna öwrülmelidigini ündeýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär.Bu bolsa öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Ähli möwsümlerde bolşy ýaly, tomus paslynyň ir säheriniň özboluşly gözelligi, hoştap howasy hem-de serginligi ynsan ruhuna ýakymly täsir edýär. Ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň bagy-bossanlygy adamlaryň ruhuny göterýär.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň şypaly howasy hem-de dynç alyş amatlyklary türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň sanatoriýa-şypahana, şeýle hem sport merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.Soňky ýyllarda bu ýerde döwrebap sport toplumlary gurlup, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak bolýar.
Mälim bolşy ýaly, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde sport hereketi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde görlüp-eşidilmedik derejä eýe boldy.
Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly saglygy hemmetaraplaýyn berkitmek bu gün ähli ýaşdaky we hünärdäki adamlary birleşdirýän umumymilli maksada, kuwwatly şerte öwrüldi.Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi hem-de ruhlandyryjy başlangyçlary netijesinde türkmenistanlylar, aýratyn-da, ýaşlar bedenterbiýe bilen utgaşyp gidýän işjeň dynç alyş ulgamyna çekilýär.
Säher şapagynyň öwüşginleri bilen ajaýyp görnüşi emele getirilýän Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç etmek saglygyňy berkitmegiň baş şerti bolup durýar. Çünki welosiped sporty adamyň saglygyny berkidip, ony täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde welosiped sportuna möhüm ornuň degişlidigini belleýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň bu görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, welosipedli gezelençleriň wagyz edilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmegiň asylly we örän peýdaly däbiň başyny başlady.Bu pikir watandaşlarymyzyň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar.
Milli Liderimiz türkmenistanlylara nusgalyk şahsy görelde görkezýär.Ine, şu ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglyk güni, Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ekologiýa çäresi mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen welosipedli ýörişiň başyny çekdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek, şeýle hem halkara derejeli iri sport döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Biziň ýurdumyz bu möhüm işe belent ynsanperwer many çaýyp, adamyň mümkinçiliklerini doly açmak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak bilen, olimpiýa maksatlaryna gös-göni eýerýär.BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýäniň sport giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistanyň gazananlaryna berilýän ýokary bahanyň we ykrarnamanyň aýdyň subutnamasydyr.
Munuň özi dünýä bileleşiginiň türkmen Lideriniň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine ýöredýän sport diplomatiýasyny biragyzdan goldamagynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenjiniň dowamynda, hemişe bolşy ýaly, beden taýdan taplygyny görkezdi.
Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga wagt tapyp, şahsy göreldesinde olaryň artykmaçlygyny, adamyň saglygyna hem-de duýgularyna, immunitetiniň berkemegine, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, tutanýerlilik, düzgün-nyzamlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmäge bolan oňaýly täsirini tassyklaýar.
Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýandygy jedelsizdir.Ylmy taýdan tassyklanylyşy ýaly, adam welosiped sürende, bedeniniň ähli möhüm agzalaryny işledýär.Bu bolsa onuň gujur-gaýratyny artdyrýar, güýçlenmegini şertlendirip, ruhy ýagdaýyny gowulandyrýar, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini peseldip, gan basyşynyň durnuklaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär.
Welosipediň çarhlarynyň sazlaşykly aýlanmagy beýniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar.Bu bolsa, pikirleniş ukybyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň günsaýyn artmagy tötänden däldir.Dürli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolmagy onuň artykmaçlyklarynyň biri bolup durýar, diýmek, ýakymly zadyň peýdaly zat bilen utgaşdyrylmagyny aňladýar.
Arassa howada, aýratyn-da, säher bilen gezelenç etmek oňyn duýgulary döredip, ylham joşgunyny artdyrýar, tutuş günüňe güýç berýär.Ulagyň ekologiýa görnüşi bolmak bilen, welosiped güneşli ülkämiz boýunça syýahat etmegiň hem ajaýyp serişdesidir.
Beden saglygy üçin peýdadan başga-da, welosiped sporty bilen meşgullanmak daşky gurşawyň gözelligini, ajaýyp tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, ondan beden we ruhy taýdan güýç, döredijilik ylhamyny alypdyrlar.
Munuň özi gündelik durmuşda hem-de türkmen halkynyň baýramçylyklarynda, asylly däp-dessurlarynda, baý döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapdy.Häzirki döwürde tebigata aýawly garamak milli özboluşlylygyň aýrylmaz ölçegleriniň biri bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Sport, saglyk we ekologiýa — biri-birinden aýrylmaz düşünjeler.Ekologiýa ýagdaýy — ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň möhüm bölegidir. Ählihalk bag ekmek çäreleri milli Liderimiziň degişli ugurda başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň esasyny düzýär.
Olaryň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda, şol sanda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa dynç alyş zolagynda seýilgähleriň we tokaýlaryň meýdany ýylsaýyn giňelýär.Gözüňi dokundyrýan gök guşaklyklar — tomsuň jöwzasy, tozanly ýeller ýaly howanyň ýaramaz täsirlerinden goraýan ýene-de bir şertdir.
Olar howanyň arassalanmagyna, oňaýly howa şertleriniň döremegine, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem olar çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzda eko-sport çäreleri yzygiderli geçirilip, olar sagaldyş we terbiýeleýiş ähmiýetinden başga-da, aň-bilim wezipesini ýerine ýetirip, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini artdyrmaga we kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenji Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän gämi duralgasynyň ýanynda tamamlady.Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir.Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.Täze gäminiň serkerdesi döwlet Baştutanymyza “Rahat” atly ýokary tizlikli, ähli amatlyklary bolan ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ilkinji ýüzüşe ak pata bermegini haýyş etdi.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen ak guwa çalymdaş ak gämä mündi.Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen “Rahat” atly gämi gojaman Hazaryň giňişligi boýunça ýüzüşe badalga aldy. Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan gämi rahat ýüzüşi amala aşyrmak, ýüzüşiň dowamynda oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak üçin zerur şertler bilen üpjün edilipdir.
Döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan bu gäminiň tehniki görkezijileri we enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemeli.
Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň aýry-aýry sebitleriniň, hususan-da, Tatarystanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. Öňden gelýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmak ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy ugrunyň hem-de deňhukukly, uzak möhletli we özara bähbitli esasda guralýan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmek bilen, ulag kommunikasiýalarynyň köp şahaly ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berýär.Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Bu ugur deňiz ýakasyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde esasy şert bolup durýar.Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bu babatda nusga alarlyk mysal bolup, ol ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesi” bolmak bilen, sanlyja ýyllaryň içinde Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda iri halkara üstaşyr ulag merkezine öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ýollaryny ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde Türkmenistan beýleki Hazarýaka ýurtlar ýaly, milli gämiçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga uly üns berýär. Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmasy boýunça döwrebap tankerler hem-de söwda flotunyň beýleki gämileri guruldy we ulanmaga berildi.
Olaryň ýokary ulanyş häsiýetnamalary, innowasion tehniki ölçegleri gämileri deňiz arkaly ýük daşamalar bazarynda zerur bolan ulaglaryň hataryna çykarýar. Ýolagçy gämilerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. “Rahat” atly täze gäminiň portumyza gelmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Gojaman Hazaryň tolkunlarynyň arasyndan ýol külterleýän gämi kenardan daşlaşdy.Gözýetimde asman bilen birleşýän ajaýyp deňiz giňişligi haýran galdyrýar.Bu ýerden kenarda ýaýylyp gidýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi has-da gözel görünýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallalary netijesinde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda giň möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.Bu bolsa ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän ösen syýahatçylyk hem-de dynç alyş düzümini döretmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz her bir sebitiň, şol sanda deňizýaka sebitiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berýär.Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Awaza öz çäklerini ýylsaýyn giňeldip, Hazaryň türkmen kenaryny innowasion düzümli döwrebap deňiz şypahanasyna öwürýär.Häzir bu ýerde ýokary derejeli myhmanhanalar, köp sanly şypahanalar, çagalar üçin sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär.
Olar wagtyňy gyzykly geçirmek, birkemsiz dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.Bu şypahana merjeniniň desgalary ýerli tebigy gözellikler bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary amatly howa şertlerini emele getirýär.
Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň keşbi gün-günden gözelleşýär.Awazanyň çäginde sagaldyş toplumlarynyň, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklarynyň, köpugurly sport toplumlarynyň peýda bolmagy eziz Diýarymyzyň bu künjeginiň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýan Hazaryň keşbi ruhuňy galkyndyrýar.
Ajaýyp tebigy ýagdaýlar — tämiz, şypaly howa, arassa altynsow kenar, deňizde suwa düşmek oňat dynç alşy kepillendirýär, kalbyňa rahatlyk çaýyp, gujur-gaýratyňy artdyrýar.Deňizde ýüzüşiň dowamynda döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginde alnyp barylýan netijeli işleri yzygiderli dowam etmek, Hazaryň ekologiýasynyň ýokary derejesini, onuň biodürlüligini saklamak we künjegiň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdy.
Hazar deňzi — umman gelip çykyşly dünýädäki iň iri içerki suw howdanydyr.Ol deňizleriň hatarynda tutuş adamzadyň gymmatly mirasy bolup, biziň günlerimize çenli tebigatyň ajaýyp künjeklerini, örän baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap galan suw giňişligidir.
Hazar sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem bütin dünýäniň ilatynyň abadançylygynyň bähbidine daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen bu baýlyklary gorap saklamak hem-de artdyrmak, deňziň çäksiz hazynalaryny we uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan, işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýär.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Hazar deňziniň meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça üýtgewsiz öňdäki orny eýeleýär. Öz wagtynda Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmekde möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de bu işler häzirki wagtda ekologiýa meselelerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş edip, Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hazar deňziniň baý tebigy serişdeleriniň aýawly saklanylmagyna hem-de rejeli ulanylmagyna gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Şol bir wagtyň özünde bu Maksatnama Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary döredip bilerdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz boýunça şu günki gezelenjiniň dowamynda Hazaryň kenarynda işjeň dynç alşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we onuň görnüşlerini artdyrmak boýunça talabalaýyk işleriň amala aşyrylmagy zerurdyr diýip belledi.
Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işlerde adam, olaryň bagtyýar durmuşy we amatly dynç alşy hakyndaky alada uly üns berilmelidigi nygtaldy.Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine görä hem-de abraýly halkara bilermenleriň netijenamalaryna laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan örän arassa diýlip hasaplanýar.
Ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşyk ulgamynda, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda möhüm çelgi hökmünde çykyş edýär we umuman, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara we sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjysy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny anyk mysal hökmünde getirip bolar, bu işler daşky gurşawa tehnogen taýdan zyýan ýetirmegiň öňüni almaga mümkinçilik berýän iň täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar. “Ýaşyl port” (Green port) halkara ölçegine laýyklykda, 2018-nji ýylyň maý aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistan ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de tutuş adamzadyň geljegine dahylly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” konferensiýasynda hem-de beýleki iri halkara forumlarda öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetiren täze gämi Hazaryň giňişliginde asuda ýüzüşini dowam etdi.
Syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenen ak gar ýaly gämi ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrdy.Hazar deňziniň baý tebigy mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy netijesinde, bu ýerde syýahatçylyk we şypahana düzümleri okgunly ösdürilýär.
Bu bolsa kenarda we aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz giňişliklerinde dynç alşy we gezelençleri guramak üçin täze mümkinçilikleri açýar.Milli Liderimiziň ak patasy bilen badalga berlen “Rahat” atly gämi ilkinji ýüzüşini tamamlap, deňziň kenarynda saklandy.
Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutladylar we gämä mundan beýläk-de şowly ýüzüşleri arzuw etdiler.Milli Liderimiz hoşlaşanda, “Rahat” gämisiniň serkerdesine we ekipažyň ähli agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, bu ýerden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady.Ol ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi wekilleri ugratdylar.Hormatly Prezidentimiz Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda degişli ýolbaşçylara sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine yzygiderli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Şu gün “Rahat” atly täze ýolagçy gämisini asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeler esasynda dabaraly garşylamak çäresi geçirildi.Kenarda dabara gatnaşyjylar gämini aýdym-sazlar hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.
Milli däp-dessura laýyklykda, gämä alaja dakylyp, ak un sepildi we oňa Hazar deňziniň giňişliklerinde abadan ýüzüş dileg edildi.Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň berjaý edilmegi täze gäminiň deňziň kenarynda dynç alýanlara ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýjakdygyna bolan pugta ynamyň aýdyň beýanyna öwrüldi we paýhasly pederlerimiziň döreden asylly däpleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini äşgär etdi.
Döredijilik toparlaryny, hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri goýnuna alan “Rahat” gämisi Hazaryň giňişligine ýüzüşe çykdy.Welaýatyň sungat ussatlary, folklor toparlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze gelip gowşan ak gämide joşgunly çykyşlaryny dowam etdiler.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda milli Liderimiziň aladasy bilen amal bolan dynç alyş mümkinçilikleriniň hözirini görýän ildeşlerimiz türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy ugrundaky atalyk aladasy üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.