Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen dikuçarda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Babadaýhan etrabynyň çäginden badalga alýan nobatdaky tapgyrynyň gurluşyk işlerine girişilýän ýere tarap ugrady.

Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde dag eteklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen yzygiderli tanşyp, Aşgabadyň durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi esasy görkeziji bolup durýar.

Paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden beýik akyldaryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Häzirki wagtda şol ýerde toplumy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek işleri alnyp barylýar. Olar Aşgabady baglyga büremäge, ýokary ekologik derejesini üpjün etmäge ýardam eder.

Türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Dünýäniň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Watanymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Milli Liderimiz halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan seýilgäh toplumynyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şunda Aşgabadyň günorta künjeginiň täsin tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Binalaryň hem-de bu ýerde döredilýän ýaşyl zolaklaryň sazlaşygynyň döredilmegi ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini artdyryp, onuň ekologik derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň bu ýerinde gurluşygy alnyp barylýan suw howdanyny synlady. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ýagyn we sil suwlaryny bir ýere jemleýän howdanyň gurluşygy alnyp barylýar.

Munuň özi daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda bu ýerde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Şunda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy tejribe işjeň ulanylýar.

Soňra milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur aldy. Bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilýän döwrebap ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, bu ýerde halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişini synlady.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelerde abadançylyk, ekologiýa talaplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine hem-de bezeg aýratynlyklaryna ýokary derejede üns berilýär. Bu bolsa gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň hil, ekologiýa babatda häzirki döwrüň ölçeglerine we talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk tarapyna ugur aldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde dürli maksatly binalaryň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň hem-de medeni we işewürlik merkezleriniň gurluşyklary batly depginde dowam edýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan işewürlik merkezli köpugurly Garagum myhmanhanasynyň ýerleşen çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Olar tebigat bilen aýratyn sazlaşygy emele getirip, geljekde paýtagtymyzyň bezegine öwrüler.

Häzirki wagtda bu ýerde Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäher giňişliginiň rejeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesidir. Bu şäher ilatynyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň esasy talap bolup durýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyny dowam edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanýan ýerine tarap ugrady.

Milli Liderimiz ýolugra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Häzirki döwürde daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm dowam edýär. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine guramaçylykly girişildi. Şu günler ähli ýerde bolşy ýaly, bu ýeriň ekerançylyk meýdanlarynda-da ýaz-meýdan işleri batly depginde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýerleri şüdügärlemek, tekizlemek we suwaryş akabalaryny arassalamak işleri ýeralmanyň ekişi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň ýerden ýokary hasyl almaga yhlasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler toplumlaýyn esasda dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň başlanýan ýerinde gondy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, täze awtomobil ýolunyň gapdalyndaky ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşigine degişli ýerde ýeralma ekişini geçirýän mehanizator we kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş boldy.

Etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň mehanizatory M.Geldiýew döwlet Baştutanymyza bu ýerde alyp barýan işi, ýeralmany ekmegiň özboluşly aýratynlyklary we häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň öndürijilik kuwwaty barada gürrüň berdi.

Milli Liderimiz mehanizatoryň iş-durmuş şertleri, onuň aýlyk gazanjy bilen gyzyklandy we döwletimiziň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşlerine ähli zerur goldawlary berýändigi, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigi barada aýtdy.

2016-njy ýyldan bäri mehanizator bolup işleýän M.Geldiýew özleriniň netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän ýokary derejeli mümkinçilikler we zerur amatlyklary bolan kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygy üçin Arkadag Prezidentimize ähli mehanizatorlaryň adyndan sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde işleýän kärendeçi O.Ýagmyrow bilen gürrüňdeşlikde onuň maşgala we iş ýagdaýy hem-de zähmet öndürijiligi we döredilýän mümkinçilikler, kärendeçileriň üpjünçilik derejesi bilen gyzyklandy.

O.Ýagmyrow 12 ýyldan bäri şu daýhan birleşikde kärendeçi bolup işleýändigi, özüne berkidilen 5 gektar ýerden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalary edýändigini belledi. Şeýle hem daýhan şu ýyl bu ýeri ýeralma ekmek üçin taýýarlandygyny, ýeralmanyň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýerli “Gala” görnüşiniň ekilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk ulgamynda işlemegiň täzeçil usullarynyň ulanylýandygyny, pudaga ylmyň täze gazananlarynyň, dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny belledi. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mehanizatora eken tohumynyň müňlemegini arzuw etdi. Mehanizator milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we halkymyzyň saçaklarynyň berekedine öwrüljek ýeralmanyň ekişini dowam etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde ýol gurluşygynda ulanylýan kuwwatly tehnikalar görkezildi.

Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap gurluşyk tehnikalary hatara düzüldi. Şol tehnikalar soňky ýyllarda ýol-ulag düzüminiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Ýol gurluşygynda işleýän hünärmen bu ýerde görkezilýän tehnikalaryň hatarynda demrikdirýän, buldozerleriň, ýer gazýan tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň dürli görnüşleriniň goýlandygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikalaryň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň netijeli ulanylmagynyň alnyp barylýan işleriň kada laýyk derejede ýola goýulmagyny we gurluşyklaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite satyn alnan tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary we olaryň ulanyş häsiýetleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde görkezilýän dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary häzirki zaman ýol gurluşygynda ulanylýan tehnikalaryň täze nesline degişlidir. Şeýle hem olar tygşytlylyk we ekologiýa babatda öňdäki hatarda durýar. Olarda ornaşdyrylan ýörite ulgam özünde awtomatik usulda ölçeýjileri hem-de gözegçiligi jemleýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwrebap ýol gurluşyk tehnikasynyň ulanylmagy, işgärleriniň hünär derejesi, desgalarda zähmeti guramaga sowatly çemeleşilmegi meýilleşdirilen işleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynda işleýän ýol gurluşykçylaryň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş boldy. Bu ýerde hünärmenler öndürijilikli işlemek we dynç almak babatda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýol gurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň dünýäniň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalanmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belläp, onuň döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga giň ýol açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanda ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýol gurluşykçylara üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz işçileriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra milli Liderimiz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginde asfalt örtügini düşemek işlerine girişmäge ak pata berdi.

Bu sözlerden ruhlanan ýol gurluşykçylar kuwwatly tehnikalary herekete girizdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda, taryhyň dowamynda ýurtlary we halklary baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde, umuman, Türkmenistanyň yklymyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina edilýän desgalar, awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümler barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 203 kilometr bolan birinji tapgyrynyň geçýän ugrunyň, onda döredilen durmuş maksatly desgalaryň, kiçi töleg terminallarynyň we hyzmat ediş bölümleriniň taslamalary barada hasabat berdiler.

Bu ýoluň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda ulag gatnawlarynyň möçberleri artdy. Munuň özi ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýan edýär.

Ýoluň ugrunda durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ulaglaryna tehniki taýdan hyzmat edýän zolaklaryň, kiçi töleg terminallarynyň birnäçesi gurlar. Şeýle hem onuň ugrunda haýwanlaryň geçmegi üçin niýetlenen ýerasty geçelgeler göz öňünde tutular. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrar.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň demir ýoluň üstünden geçýän geçelgeleriniň görnüşleri, sil suwlary üçin niýetlenen ötükler, şeýle hem Mary welaýatynyň çäklerinde Garagum derýasynyň üstünden guruljak köprüleriň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleri dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün ediler.

Döwletimiziň goldaw bermeginde telekeçiler häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary gurýarlar hem-de ulanmaga berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalaryň hem-de çyzgylaryň her biri bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň tapgyrlary bilen içgin gyzyklanyp, bu taslama durmuşa geçirilende, ýollary gurmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, geçirilýän işleriň halkara ülňülere laýyk gelmegi derwaýys wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Täze ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de ýurdumyzyň sebit we halkara multimodal aragatnaşyk ulgamyna goşulyşmagy, onuň geoykdysady kuwwatynyň netijeli ulanylmagy boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti we döwletara gatnaşyklar üçin ähmiýetini nygtap, durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.Biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu awtoban Türkmenistandaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.

Bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýol gurluşygynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz diňe bir ýurdumyz we sebit üçin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli asylly işleri alyp barýan ýol gurluşyk ulgamynyň işgärlerine üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden awtoulagda paýtagtymyza tarap ugrady.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ulag ulgamynyň durnukly we sazlaşykly işi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegine öwrülýär.

Täze ýoluň Garagum sährasynyň çäginden geçýändigi onuň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Sähranyň özboluşly gözelligi, onuň täsin tebigaty adamlarda ruhubelentlik döredýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda, Garagum sährasynda ekologik ýagdaýyň degişli derejede saklanylmagyna, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi umumy abadançylygyň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen gidip barşyna, onuň Aşgabat — Tejen böleginiň ugrunda ýerleşýän “Kerwensaraý” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky awtomobillere ýangyç guýujy bekede gelip saklandy.

Ýangyç guýýan bekediň işgäri milli Liderimizi mähirli garşylap, işlemek üçin döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdi hem-de Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hünärmenleriň iş we durmuş şertleri, maşgala ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy. Ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşy üçin ähli tagallalar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz ýangyç guýýan bekediň hünärmenlerine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw edip, dikuçarda bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Mary: oba hojalyk tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýär
Mary: oba hojalyk tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýär
Berdimuhamedow Ahal welaýatynda ýeralma ekişiniň barşy bilen tanyşdy
Çeşme: Darganatanyň "Obahyzmat" edarasynda dizel ogurlygynyň üsti açyldy