Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, giň görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürýän döwrebap düzümi, ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar.
TNGIZT-de gurulýan gaz turbinaly energiýa desgalary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda bina edilýän täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam berer.
Bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň amala aşyrylmagy sebitleri senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Tutuşlygyna bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hyzmat eder.
...Ir bilen dabaranyň geçiriljek ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy gurluşyk meýdançasynyň ýanynda saklanýar.
Balkan welaýatynyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda guralan aýdym-saz we tans çykyşlary bu günki waka aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz bu gezekki dabara gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň ýygnanan binasyna barýar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylda berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda geçirilýän şu günki möhüm ähmiýetli waka — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň düýbüniň tutulmagy bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz bilşimiz ýaly, biziň güneşli Diýarymyz tebigy baýlyklara örän baý ýurt, şol baýlyklary il-ýurdumyzyň bähbidine netijeli ulanmak üçin biz köp işleri amala aşyrýarys diýip, sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde bu ugurda netijeli geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitli we gazly ýataklary gözläp tapmak möhüm wezipeleriň biridir. Egsilmez tebigy baýlyklarymyzy senagat taýdan özleşdirmek, uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara ibermegi häzirki zaman şertlerine laýyklykda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek döwrüň talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Önümçiligi döwrebap enjamlaşdyrmak bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsleşige ukyply önümleriň möçberini hem-de görnüşlerini has-da artdyrmak, önümçilik tapgyrlarynda emele gelýän ugurdaş gazlary netijeli ulanyp, olardan dünýä bazarlarynda geçginli harytlary öndürmek döwletimiz üçin örän peýdalydyr. Netijede, ekologiýa taýdan arassa önümçilik ulgamyny döretmek ýurdumyza hemmetaraplaýyn bähbitlidir.
Şu wezipelerden ugur alyp, biz ýurdumyzyň senagat merkezleriniň birine öwrülýän Balkan welaýatyny hem toplumlaýyn esasda ösdürýäris. Amatly geologiýa we geografiýa şertlerimize esaslanyp, sebitde tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gurlup, ulanmaga berlen Gyýanlydaky polimer hem-de Garabogazkarbamid zawodlaryny mysal getirdi.
Bu zawodlaryň işe girizilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň senagat taýdan ösen ýurda öwrülýändiginiň anyk mysalydyr. Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirmek babatda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Diýarymyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde hem belent wezipeler goýuldy. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem täze tehnologik desgalary gurmak, abat saklamak we bökdençsiz işletmek möhüm bolup durýar.
Biz şu wezipelerden ugur alyp, häzir zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berýäris.
Zawodlar toplumy üçin möhüm ähmiýeti boljak bu desgalaryň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji” kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Bu täze desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi zawodlar toplumynda ozal hereket edip gelýän hem-de ýokarda agzalan Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulyp, geljekde işe giriziljek tehnologik desgalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz hem-de ygtybarly üpjün etmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şolaryň biri hem häzirki döwürde zawodlar toplumynda gurluşygy alnyp barylýan Haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasydyr. Bu desganyň işe girizilmegi nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň hilini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň zerur möçberlerini öndürmäge we goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Şular ýaly möhüm taslamalar durmuşa geçirilende biz ekologiýa talaplaryna, önümçilige ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Hut şunuň netijesinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalarynyň ýokary hil derejesine mynasyp bolýar.
Bu desgalar innowasion çözgütlere we ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalary alýar.Munuň özi, elbetde, biziň üçin örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňýanynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly ýubileýiniň golaýlap gelýän günlerinde bolup geçýän şu günki wakanyň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz gurýan we döredýän hem-de ägirt iri taslamalary amala aşyrýan döwlete öwrüldi. Ýer ýüzüniň hemmetaraplaýyn depginli ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy.
Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan döwrebap desgalardyr binalar milli ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary şu günki şatlykly waka — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde täze desgalaryň düýbüniň tutulyp, gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik joşgunyny döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berilýär. Işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu şanly waka mynasybetli dabara hut özüniň gatnaşýandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 29 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen Liderimiň öňdengörüjilikli we çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzda beýleki ähli ugurlarda bolşy ýaly, energetika pudagynda hem ýokary tehnologiýaly taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, Türkmenistan özüniň barha ösýän zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, bu täze desganyň gurluşygyna girişilmegi nebiti gaýtadan işleýän toplumyň elektrik energiýasyna bolan barha ösýän isleglerini doly kanagatlandyrmak, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň tutuş senagat pudagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi babatynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Holdingiň ýolbaşçysy öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşýandygyna buýsanýandygyny belläp, bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Biz taryhy Watanymyz Türkmenistan bilen energetika ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygymyza çäksiz buýsanýarys diýip, Ahmet Çalyk täze taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.
Işewür milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tükeniksiz gujur-gaýrat hem-de . Türkmenistanyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň gerimli döwlet işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Soňra “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçysy Wagit Alekperow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýer türkmen topragyna gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze elektrik desgalarynyň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, işewür munuň Türkmenistan üçin möhüm waka boljakdygyny nygtady.
Siziň Türkmenistany maýa goýujylar üçin açyklygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän parasatly, öňdengörüji syýasatyňyz netijesinde siziň ýurduňyz ykdysady ösüşde, şol sanda nebitgaz pudagynda uly üstünliklere eýe boldy diýip, Wagit Alekperow aýtdy.
Bellenilişi ýaly, işläp gelýän ýyllarynyň dowamynda “Lukoýl” kompaniýasy öňdebaryjy tejribeleri, bilimleri we tehnologiýalary, şol sanda Hazar ýalpaklygyny özleşdirmekde tejribeleri toplady we Türkmenistanyň senagat kuwwatyny güýçlendirmäge ýardam etjek özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Russiýanyň we Türkmenistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny nygtap, Wagit Alekperow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmek babatynda alyp barýan köpugurly döwlet işlerinde tüýs ýürekden üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra bu ýere ýygnananlara Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň öňünde milli ykdysadyýetimizi, nebit önümleriniň esasy görnüşleri bilen üpjün etmek, olary eksporta ibermegi ýola goýmak ýaly möhüm wezipe durýardy.
Bu talaplar hasaba alnyp, TNGIZ-iň durkuny täzelemek hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň amala aşyrylmagy önümçiligiň netijeliligini görnetin ýokarlandyrmaga, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň çeýe we ygtybarly ulgamyny döretmäge, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga mümkinçilik berdi.
Bu giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde TNGIZT-de katalizatory üznüksiz döredýän katalitik reformingiň (CCR) hem-de milli sekund katalitik kretingiň (MSCC) täze desgalary, çalgy ýaglar zawody (Lube Oil) guruldy. Netijede, Türkmenistan GDA döwletlerinden etilirlenen benzini öndürmegi doly aradan aýran ilkinji ýurt bolup, awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini ep-esli artdyrdy.
Polimerleri öndürmegiň iri desgalarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, polimerler senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşlerini, şeýle hem durmuş maksatly harytlaryň giň toplumyny öndürmek üçin esasy serişde bolup durýar.
TNGIZT-de polipropilen toplumynyň (PPL) gurulmagy ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa senagatynyň kemala gelmeginde ilkinji ädim boldy, milli sekund katalitik krekingiň (МSCC) desgasyndan gelip gowuşýan suwuklandyrylan gaz polipropilen öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda owradylan propilen deňiz ýakasynda ýerleşýän iri kärhananyň eksporta iberýän önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu önümi Azerbaýjan, Türkiýe, Eýran, Russiýa, Özbegistan, Ýaponiýa we beýleki ýurtlar satyn alýar.
Eksport harytlarynyň köp bölegi sarp edijilere deňiz ulagy arkaly iberilýär. Munuň üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak we ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen terminal guruldy.
Öz nobatynda, ýurdumyzyň iri nebithimiýa kärhanasynda gidroarassalanan, düzüminde kükürdiň we azodyň örän az mukdary bolan dizel ýangyjy (DHT) öndürmek boýunça desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň awtomobil we traktor tehnikalaryny, derýa gämilerini dünýä ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän dizel ýangyjy bilen doly üpjün etmäge, TNGIZT-iň eksport kuwwatlyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Ýokarda agzalyp geçilen taslamalara, olaryň maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga ýokary hilli önümleri çykarmagy üpjün etmäge ukyply dünýäniň esasy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylary Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Ysraýylyň Chiyoda, Itochu, Nissho Ivai, JGC, Technip, Hyundai Engineering, Edeliyanu, UOP, Basell, Merhav, Nichimen, Marubeni, Еximbank, JBIC, Deutsche Bank kompaniýalary hem-de banklary we beýlekiler çagyryldy.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynda kuwwaty 126,4 megawatt bolan General Electric amerikan kompaniýasynyň gaz turbinalary gurnalan elektrik bekedi guruldy. Kuwwatly transformatorlar, beýleki elektroenergetika enjamlary Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan getirildi.
Şunuň bilen birlikde, nebiti ilkinji gezek gaýtadan işlemegiň desgasy (ЭЛОУ-АТ) döwrebaplaşdyryldy, içerki we daşarky inženerçilik kommunikasiýalar täzelenildi, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin täze iri sygymly çelekler gurnaldy, uçar kerosinini arassalaýjy desga, suwuklandyrylan gazy ýüklemek üçin awtomobil we demir ýol terminallary bina edildi.
TNGIZT-de bina edilýän ähli täze desgalaryň nebiti çuňňur gaýtadan işlemegiň galyndysyz tehnologiýalaryny, dünýä iş tejribesiniň iň ýokary gazananlaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna biri-biriniň üstüni ýetirýändigini bellemek gerek. LG International Corp we Hyundai Engineering Co., Ltd (Koreýa Respublikasy) kompaniýalar konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamasy munuň mysalydyr.
Bu taslamanyň çäklerinde ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil benzininiň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligi üçin niýetlenen desgalar guruldy. Munuň üçin zerur bolan çig mal düzümleri mazuty we suwuklandyrylan gazy wakuum usulynda akdyrmak arkaly alynýar.
Mundan iki ýyl ozal TNGIZT-de biaksil-ugrukdyrylan polipropilen plýonkasynyň (ВОРР) önümçiligi boýunça tehnologiýa ulgamy gurnaldy. Köp sanly sintetiki we arassa gaplaýyş serişdeleriniň hatarynda ВОРР — plýonkalar häzirki wagtda sellofan, folga, poliamid ýa-da polietilenftorat Ýaly bäsdeş serişdeleri yza galdyryp, öňdäki orunlary eýeleýär.
Häzirki wagtda TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň köpsanly görnüşleri hem-de kysymlary öndürilýär.Olaryň hatarynda A-80, A-90, A-95 ýokary oktanly awtomobil benzinleri, uçar, tehniki we yşyklandyryş kerosinleri, dizel ýangyjynyň görnüşleri, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri, suwuklandyrylan gaz, nebit koksy, ýol we gurluşyk bitumy, owradylan polipropilen hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenilýän beýleki harytlar bar.
Häzirki wagtda haýalladylan usulda kokslamaga hem-de gudrony asfaltdan saplamaga niýetlenen täze desganyň gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar. WTL FZE (BAE) we Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýalar konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýan taslamanyň esasy wezipesi gudronyň we mazutyň agyr galyndylaryny Foster Wheeler kompaniýasynyň tehnologiýasy esasynda gaýtadan işlemekdir. Toplumyň kuwwaty ýylda 900 müň tonna önüm öndürmäge barabardyr.
Nebit koksunyň jeminden başga-da, desgada suwuklandyrylan gaz, benzin önümçiligi üçin çig mal düzümleri işlenip çykarylar. Ýeňil koks gazoýly hem dizel ýangyjyny gidroarassalamagyň enjamy üçin çig mal bolup durýar, bu enjamlarynda Ýewro-5 ülňüli awtomobil ýangyjy öndüriler. Agyr koks gazoýly bolsa, zawodda hereket edýän katalitik krekingi desgasy üçin çig mal bolup hyzmat eder.
Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýän nebit önümlerini saklamak we ýüklemek boýunça Kenar kärhanasy turbageçirijiler ulgamy arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen birikdirilýär, bu turbalar boýunça nebit önümleri deňiz nebit guýujy terminala akdyrylýar.
Bu ýerden milli deňiz flotunyň hem-de beýleki döwletleriň gämileri nebit önümlerini daşary ýurtlara äkidýärler. Bu ýerde şeýle hem awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy guruldy, ol iri çeleklere önümleri ýüklemäge hem-de demir ýol boýunça ýylda nebit önümleriniň 3 million 850 müň tonnasyny, şol sanda 1 million 800 müň tonna awtomobil benzinini ibermäge mümkinçilik berýär.
Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Hazar döwlet goraghanasynyň ýerleşýändigi nazarda tutulyp, bu ýerde ekologiýa abadançylygynyň berjaý edilmegi ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatynyň örän iri kärhanasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň möhüm ugry bolup durýar.
Tebigaty goramak çäreleriniň giň gerimli maksatnamasy deňiz aýlaglaryny arassalamak, olaryň tebigy we biologiýa serişdeleriniň ýagdaýyna baha bermek hem-de bu ugurda çäreleri işläp taýýarlamak, nebit galyndylaryny we düzüminde nebit bolan topraklary arassalamak boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmegi öz içine alýar.
TNGIZT-de häzirki zaman arassalaýyş desgalary guruldy, howanyň, suwuň we topragyň arassalygyna yzygiderli monitoring ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň ” tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek boýunça bäsleşik geçirilýär.
TNGIZT-iň we SNGIZ-iň mümkinçilikleri içgin seljeriler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň mümkin bolan görnüşleri kesgitleniler.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologiýa desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär, olar nebiti çuňňur gaýtadan işlemegiň derejesini 90 göterimden ýokary görkezijä çenli ýetirmäge mümkinçilik berer. Şol desgalaryň hatarynda dizel böleklerini we benzinleri gidroarassalamagyň, katalitik kreking we wodorod önümçiligi bolan toplumly kokslamak desgalar toplumy; nebiti gaýtadan işlemegiň önümleriniň agyr galyndylarynyň katalitik kreking desgasy, şeýle hem binýatlaýyn tehniki ýokary hilli ýaglaryň önümçiligi boýunça enjam bar.
Wideofilm tamamlanandan soň, milli lybas geýen mekdep okuwçylary sahna çykýarlar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy joşgunly garşylaýarlar, milli Liderimize berk jan saglyk, köpugurly işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça şu günki şanly waka mynasybetli geljekki nesillere ýüzlenilen ýadygärlik ýazga gol çekýär hem-de ony ýörite guta ýerleşdirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbi tutulýan ýerine gelýär. Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynda döwlet Baştutanymyz geljekki binalaryň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenilen ýörite gutyny goýýar.
Emele gelen asylly däbe görä, milli Liderimiz täze desganyň binýadyna pil bilen ilkinji betony guýup, gurluşyga badalga berýär, munuň özi ýygnananlar tarapyndan ägirt uly joşgun we şatlyk bilen kabul edilýär.
Nebitgaz senagaty uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Ylmy-tehniki progresiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde pudagyň innowasiýa ösüşi üpjün edilýär, biziň ýurdumyzyň dünýädäki energetika döwleti hökmündäki orny berkidilýär.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şol sanda nebithimiýa pudagyndaky hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary diňe bir içerki bähbitlere däl, eýsem, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hem ýardam edýär.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, olar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline baryp, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.