Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze...

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman Bagabat şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly Saglyk binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini görkezýän taryhy waka öwrüldi.

Täze şypahana-bejeriş merkezi bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýol hem ulanylmaga berildi. Ýoluň çatryklarynyň biriniň merkezinde halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatyny alamatlandyrýan “Saglyk” binasy guruldy.

Halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy, abadançylygy baradaky alada milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň işjeň syýasaty netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda belent sepgitlere ýetdi hem-de uly üstünlikler gazandy. Bu ugurda köpugurly işler yzygiderli dowam etdirilýär.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugruna degişli täze düzümler gurlup, ulanylmaga berilýär. Häzirki zaman şypahanalary enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlary bilen dünýä belli bejeriş-sagaldyş merkezlerinden birjik-de pes däldir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şypahana ulgamynyň ösüş meselelerine bagyşlanan “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitabynda eziz Diýarymyzyň halkara derejeli şypahanalar merkezi hökmündäki ägirt uly mümkinçilikleri we geljekki ugurlary beýan edilýär.

Milli Liderimiziň bu kitabynda mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň, howanyň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlarynyň adam bedenine täsiri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzyň şypahanalary, welaýatlaryň tebigy aýratynlyklary, goraghana ajaýyplyklary, ägirt uly bejeriş ukyby bolan dürli serişdeler barada giňişleýin maglumat berilýär.

Şu hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin şypahana ulgamyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyny tassyklady we degişli Karara gol çekdi, şeýle hem bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Ol şypahana işine täze usullaryň, tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň girizilmegini hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýar.

...Hormatly Prezidentimiz ir bilen “Bagabat” şypahana toplumyna tarap ugrady. Şypahana barýan täze ýol bilen gidip barşyna, milli Liderimiz “Saglyk” binasynyň daşyndan öwrüm etdi. Kaşaň bina uzaklardan görünýär. Onuň belentligi bu künjege özboluşly binagärlik gözelligini eçilýär. Binada Diýarymyzda soňky ýyllarda ulanylmaga berlen saglyk merkezleriniň şekilleri, onuň ýokarsynda bolsa çeperçilik-binagärlik usuly esasynda lukmançylyk nyşany ýerleşdirilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahana toplumyna geldi. Onuň ak mermerli binalary Aşgabadyň etegindäki Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän ajaýyp Bagabat jülgesinde guruldy.

Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Milli Liderimiz “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan şypahana-dynç alyş ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdynlygyny pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Maksatnamada iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman şypahanalarynyň gurluşygyna hem-de mähriban Watanymyzyň ajaýyp künjeklerinde, bejeriş-mineral suwlary bolan çeşmeleriň ýanynda ozal gurlan şypahanalaryň durkunyň täzelenilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär.

Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” we “Ýyly suw”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara” we “Awaza”, Diýarymyzyň demirgazyk welaýatyndaky “Daşoguz”, Lebap welaýatyndaky “Farap”, Mary welaýatynda “Baýramaly” hem-de Aşgabat şäherindäki “Berzeňňi” şypahanalary ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Olar bir bitewi düzümi emele getirip, halkymyza hyzmat edýär.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy serişdeleriň binýadynda, şol sanda Köýtendagyň çäklerinde şypahanalaryň gurluşyklarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

“Bagabat” şypahanasy barada aýdylanda bolsa, ol bu künjegiň adybir jülgesinde bina edildi. Ýurdumyzyň alymlarynyň geçiren ylmy-barlaglary arassa dag howasynyň, güneşli howada gezelenç etmegiň adamyň saglygyna, keýpiçaglygyna we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini tassyklady diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň bina eden şypahanasy ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän we birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr. Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar we SPA salony girýär.

Bu ýerde ýokary hünärli lukmanlar raýatlaryň saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň we beýlekileriň bejergisi babatda ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirerler.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda köp sanly desgalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurulýandygyny belledi hem-de bu şypahananyň diňe bir amatly dynç alyş we keselleri bejeriş däl, eýsem, adam ömrüni uzaltmak babatda-da oňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz adam saglygyny goramak hakynda hemişe alada edýär we bu işleri mundan beýläk-de dowam eder diýip belledi. Çünki jemgyýetiň sagdynlygy döwletimiziň pugta binýadydyr.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy “Bagabat” şypahanasynyň açylmagy hem-de Bitaraplygymyzyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk baýramy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

“Goý, bu döwrebap şypahana mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmäge melhem bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz halkymyza ajaýyp sowgat hökmünde gurlan “Bagabat” şypahanasynyň ulanylmaga berilmeginiň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Gözel Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli gurlup, ulanylmaga berilýän nobatdaky toplum ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk kömegini berer we ygtybarly saglygy goraýşy üpjün eder, keselleriň öňüni almaga, Türkmenistanyň raýatlarynyň ömrüniň uzak bolmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda täze toplumyň toý bagyny kesip, döwrebap şypahana binasynyň içine girdi.

Bu ýerde milli Liderimiz işgärler we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler, toplumda ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz tanyşlygy şypahananyň anyklaýyş-maslahat beriş bölüminden başlady we pulmonologyň otagyna bardy. Bu ýerde işleýän lukman hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm üns berýändigi üçin ähli lukmanlaryň adyndan hoşallyk bildirdi. Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda şypahana ulgamyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň tassyklanylmagy aýratyn ähmiýetlidir.

Lukman otagda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçilikleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Hususan-da, ýörite programma üpjünçiligi bolan we onlaýn tertipde işleýän Italiýanyň Spirolab anyklaýyş enjamy barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu enjam adamyň daşky dem alyş ulgamyna düýpli barlaglary geçirmek üçin niýetlenendir. Näsagyň dem alşy, onuň möçberi we tizligi anyk wagtda grafik görnüşindäki ýokary hilli reňkli ekranda görünýär. Termoprinter her sekundyň hasabatlaryny çap etmäge mümkinçilik berýär. Alnan maglumatlary elektron göterijilere we kompýuterlere geçirmek bolýar.

Hünärmen milli Liderimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, nekadoskopyň kömegi arkaly bu ýerde adamyň dem alyş ulgamynyň ýagdaýyny barlamak üçin döş kapasasyna rentgen etmek bolýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýä derejeli enjamlar bilen üpjün edilen ajaýyp şypahanany gurdurandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz anyklaýşyň usullary we dem alyş ýollarynyň allergiýa kesellerini bejermegiň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Munuň özi häzirki zaman lukmançylygynda möhüm meseleleriň biridir. Şunda, milli Liderimiz netijeli çäreleri ulanmak bilen bir hatarda, keselleriň öňüni almak boýunça halkymyzyň tejribesiniň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Adamyň gorag ulgamyny we saglygyny pugtalandyrýan, kesele durnuklylygyny artdyrýan düýe çaly özüniň peýdalylygy bilen gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Pederlerimiz Gün şöhlesiniň bejerijilik ähmiýetine düşünipdirler. Şeýle usuly dürs ulanmak arkaly, olar bejerişe uly netije bermegi, adamyň kesele durnuklylyk we sowuklama kesellerine garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrmagy başarypdyrlar.

Umuman, tebigatda ägirt uly bejeriş ähmiýetli mümkinçilikler bar. Dermanlyk ösümlikler, dagyň we deňziň arassa howasy, başga-da birnäçe zatlar ynsan saglygynyň goragyna gönükdirilipdir. Türkmen hünärmenleri bu ugra degişli birnäçe işleri we ylmy-barlaglary geçiripdirler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz şypahananyň we ilatly ýerleriň töweregini mundan beýläk-de bagy-bossanlyga büremek babatda Ahal welaýatynyň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi. Bag nahallaryny oturtmak ekologiýanyň we ynsanyň sagdynlygyna goşantdyr.

Eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga bürenmegi — munuň özi geljek nesiller hakyndaky aladadyr.Her ýylda Watanymyzyň gök zolaklarynyň üsti 10 million düýp bag nahallary bilen ýetirilýär. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna 25 million düýp bag nahallary ekiler. Şu ýyl “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenendigini nazara alyp, täze tokaý zolaklarynyň güneşli ülkämiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramaga mynasyp goşantdygyny bellemeli.

Anyklaýyş-maslahat beriş bölümi pulmonologiýa otagyndan başga-da, Germaniýada öndürilen “Siemens med”enjamlary bilen üpjün edilen UZI otaglaryny, EKG, rentgen, stomatologiýa, newrolog hem-de kardiolog lukmanyň, gulak-burun-bokurdak we oftalmolog lukmanlarynyň, beýleki hünärmenleriň otaglaryny öz içine alýar.

Lukmançylyk otaglarynyň her biri iň döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Stomatolog lukmanyň otagy Germaniýanyň dünýä belli “Sirona” kompaniýasynyň 3D-panorama kameralary hem-de ýokary hünär derejesine laýyk gelýän gurallar we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün edilen “Intego” gurnamalar toplumy bilen enjamlaşdyryldy.

Newrolog lukmanyň otagynda nerw keseli bolan näsaglary barlamak, olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli zerur şertler döredildi. Newrologiýa lukmançylyk ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol nerw ulgamynyň näsazlygy bilen baglanyşykly birnäçe keselleri öz içine alýar.

Kardiolog lukmanyň otagy ýurdumyzyň ýürek-damar kesellerini bejermegiň täze usullaryny taýýarlan alymlaryň açyşlary we teklipleri nazara alnyp, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary we gurallary bilen üpjün edildi.

EKG otagy dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman enjamlary, şol sanda Italiýanyň “Сordioline” kompaniýasynyň 12 kanally EKG enjamy we ýürek kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak üçin niýetlenen beýleki zerur, döwrebap gurnamalar bilen üpjün edildi.

Rentgen otagynda Germaniýanyň dünýä belli “Villa Sistemi Mediсali” kompaniýasynyň rentgen barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenen enjamy oturdyldy.

Otolaringologiýa otagynda Germaniýanyň “Otopront” gulak, bokurdak we burun kesellerini anyklaýyş hem-de bejeriş enjamy oturdyldy. Bu anyklaýyş we bejeriş babatda iň täze enjamdyr. Şeýle hem otag zerur bolan dürli gurallar, otolaringolog lukmanyň işinde köp ulanylýan serişdeler bilen üpjün edildi.

Endoskopiýa otagynda näsaglara anyklaýyş hyzmatlarynyň giň görnüşleri hödürlenilýär. Bu ýerde Germaniýanyň “Karl Storz” kompaniýasynyň demgysma we aşgazan kesellerini bejermäge niýetlenen enjamlary oturdyldy. Şeýle hem bu enjam ýokary derejeli şekilli DVD ýazgysyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Näsaglara aşgazan, demgysma, ganazlyk kesellerini ýüze çykarýan häzirki zaman anyklaýyş hyzmatlary hödürlenilýär.

Şypahananyň barlaghana otaglarynda ýokary anyklygy talap edýän zerur barlaglary gyssagly geçirmäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar, hususan-da, Germaniýanyň dünýä belli “Human”, “Praхis partner”, “Termo Fisher”, “Siemens DХ” we Fransiýanyň “Horiba ABХ” kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlar toplumlary oturdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mineral suwlary we daýanç-hereket ediş ulgamynda näsazlygy bolan adamlar üçin niýetlenen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen gidroterapiýa bölümine bardy. Bu ýerde işleýän lukman döwlet Baştutanymyza toplumyň ähmiýeti hem-de dürli keselleri, şikesleri bejermek we dikeldiş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen usullaryň peýdalanylyşy barada gürrüň berdi.

Gidrokinezoterapiýa dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny dikeltmek üçin bejeriş gimnastika usullarynyň biri bolup durýar.Bu usul näsaglaryň saglyk ýagdaýyna, beden ulgamynyň işine ýumşaklyk bilen oňyn hem-de netijeli täsir edýär.

Modul howzunda gidroterapiýa bilen meşgullanmak agyr näsaglaryň aýak üstüne galmagyna ýardam berýär.Bu ýerde geçirilýän ýokary netijeli türgenleşikler bogunlara we ýürege düşýän agramy peseldýär, şeýlelikde, näsag bedenine agram bermezden, güýç toplap bilýär.

Bejeriş çäreleri dürli topara degişli näsaglaryň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk getirilen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen howuzlarda geçirilýär. Bu ýerde akwatrenažýorlar, suwasty ylgaw ýodalary, suwasty agyrlyk daşlary gurnalypdyr. Şolaryň hemmesi Germaniýanyň “Beka” kompaniýasynyň önümleridir.

Şeýle hem näsaglaryň hereket etmegi üçin ýöriteleşdirilen enjamlar, galdyryjylar mümkinçiligi çäkli maýyp we ýaşuly adamlaryň bu usullar bilen netijeli meşgullanyp bilmegine oňyn şertleri üpjün edýär.

SPA bölüminde gury akwaowkalama, krioterapiýa otaglary, infragyzyl şöhleli, gury, bugly saunalar, türk hammamy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde galoterapiýa, aromaterapiýa, bejeriş owkalama, stounoterapiýa üçin niýetlenen otaglar ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa innowasion tehnologiýa bolan SPA-kapsulasy görkezildi. Ol tutuş dünýäde şypahana-bejeriş görnüşli düzümlerde we spa-salonlarda uly meşhurlyga eýedir. Bölümde oturdylan Germaniýanyň “Beko” kompaniýasynyň köpugurly “Harmony Mediq” toplumy adam bedenine toplumlaýyn täsiri bolan bejeriş çäreleriniň giň ugurlaryny hödürleýär.

Hünärmeniň belleýşi ýaly, şunuň ýaly bejeriş çäreleri dartgynlygy, ýadawlygy aýyrmak, özüňi duýşuňy gowulandyrmak, keýpiçaglygy ýokarlandyrmak hem-de semizlige garşy göreşmek ulgamynda aýratyn netijeli bolup durýar.SPA-kapsulasy özünde adam bedenine täsiri bolan iki ugry jemleýär: şolaryň biri infragyzyl bugly ýylylykdyr, beýlekisi bolsa ähli tarapdan suw çüwdürýän duş toplumydyr.

Munuň özi bedeniň we öýjükleriň gan aýlanyşyny sazlaýar.Bedendäki madda çalşygyny gowulandyrýar. Şeýle hem bu bejerişde aromaterapiýa, saz terapiýasy we howa-ionterapiýasy ýaly usullar utgaşdyrylyp bilner.

Döwlet Baştutanymyza suwasty owkalama üçin niýetlenen, Germaniýada öndürilen “Beko” gurnamasynyň işi barada maglumat berildi. Germaniýanyň bu enjamy arassa howanyň möçberini kadalaşdyrmaga, näsagyň islegine görä, ýakymly ysly ýaglaryň görnüşlerini, yşyklandyryşyň derejesini we reňkini saýlamaga kömek edýär.

Bu bejeriş çäresi bogunlary berkitmek, onuň hereketini we çeýeligini artdyrmak, bedenden zyýanly serişdeleri çykarmak, bogunlara düşýän agramy hem-de agyryny peseltmek, horlanmak, ýadawlygy aýyrmak we adamyň özüni duýşuny gowulandyrmak üçin ulanylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowuk howa akymy bilen bejeriş üçin niýetlenen gurnamany synlady.

Hünärmen ýörite enjamyň mümkinçilikleri barada gürrüň berip, Germaniýanyň öňdebaryjy “Meсoteс” kompaniýasynyň iki ugurly kriootaglary we onuň aýratynlygy barada habar berdi. Bu gurnama nerw-damar ulgamlarynyň duýujylygyny peseltmek arkaly agyryny aýyrmaga mümkinçiligine hem-de serişde çalşygyny güýçlendirmegiň hasabyna sowuklama garşy ukyplylygy artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle usul daýanç-hereket agzalarynyň keselini, nerw keselleri hem-de şikesleri bejermekde, operasiýadan soňky ýagdaýy dikeltmekde, agyryny aýyrmakda giňden ulanylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz duzly howasy bolan otagda galoterapiýa bejerişi üçin niýetlenen enjamlar bilen tanyşdy. Bu ýerde tebigatyň duzly gowaklarynyň emeli mikrohowasy döredildi.

Hlorid natrisiniň howadaky durnukly sazlaşygyny üpjün edýän ýörite gural galootagy gury duz aerozoly bilen doldurýar. Bu dem alyş ýollarynyň gorag işini kämilleşdirýär, demgysmany bejermekde netijeli hasaplanylýar. Şeýle-de sowuklama we beýleki kesellere garşy ulanylýar hem-de kesellere garşy durmakda adam bedeniniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Bu bejeriş çäresi dem alyş ýollarynyň, damarlaryň, merkezi nerw we beýleki keselleriň bejergisinde köp ulanylýar.

Şeýle hem merkeziň fizioterapiýa bölüminde iňňerefleks, ozonoterapiýa, pressoterapiýa we lazer bilen bejeriş usullaryny ulanmak üçin ähli zerur şertler bar. Mundan başga-da, şypahananyň Köpetdagyň eteginde tenekar howaly we köp sanly dermanlyk ösümlikleriň bitýän künjeginde ýerleşýändigini nazara alyp, aeroterapiýa, gelioterapiýa we fitoterapiýa ýaly täze bejeriş usullaryny peýdalanmak üçin zerur şertler döredildi.

Balneoterapiýa bölüminde we palçyk bilen bejeriş üçin niýetlenen hem-de mineral suwly wannalarda zerur hyzmatlar hödürlenilýär.

Bölüm Germaniýanyň dünýä belli “Unbesсheiden” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen wannalary hem-de “Beko” kompaniýasynyň el we aýak üçin niýetlenen dört kameraly galwanik wannalary bilen enjamlaşdyryldy.Bejeriş ähmiýetli mineral suwly howuzlar ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda, çişleri aýyrmakda we ganyň goýalmagynyň öňüni almakda, adamyň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrmakda peýdalanylýar. Şeýle wannany kabul edýän adamlar özüni gowy duýup başlaýarlar, kellagyry, ukusyzlyk, ýürek agyrysy aýrylýar. Şöhle diod modullary lukmançylyk hyzmatyny şöhle bilen bejeriş arkaly utgaşdyrmak mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýle bejeriş çäresi psihiki duýgy ýagdaýyna şöhle usullary arkaly edilýän oňyn täsire esaslanýar.

Germaniýanyň “Herrmann” kompaniýasynyň gidrokolonoterapiýa üçin niýetlenen enjamynyň kömegi bilen içegedäki näsazlygy, bilagyryny, ötüşen sowuklama we deri kesellerini bejerip bolýar. Munuň özi semizligi hem peseldýär, adam bedeniniň gowşaklygyny aýryp, onuň işjeňligini artdyrýar.

Şeýle hem Germaniýanyň “Unbesсheiden” kompaniýasynyň suwda oňurgany çekmek üçin niýetlenen enjamy oňurgada näsazlyk ýa-da sowuklama ýüze çykanda, şikesden soňky ýagdaýlary kadalaşdyrmakda, osteohondroz keseliniň dürli derejelerindäki agyryny aýyrmakda, sowuklama garşy durmakda, damarlary giňeltmekde lukmanyň görkezmesi boýunça peýdalanylýar. Bu keseller ötüşip geçip, ysmaz ýaly kesellere ýolugýan mahalynda, şeýle hem uly ýaşly näsaglary bejermekde aýratyn netijeli hasaplanylýar.

Germaniýanyň “Beko” kompaniýasynyň duş toplumy şarko, aýlanýan duş bilen bejermek çärelerini geçirmäge mümkinçilik berýär hem-de adamyň gan aýlanyşyny, limfatik ulgamynyň işini kadalaşdyrýar we öýjükleriň hereketini gowulandyrýar.

Palçyk bilen bejeriş otaglarynda Germaniýanyň “Hupfer” hem-de “Beko” kompaniýalarynyň bejeriş palçygyny we parafini taýýarlamak hem-de gyzdyrmak üçin ulanylýar.Mundan başga-da, bölümde Germaniýanyň “Unbesсheiden” kompaniýasynyň mineral palçyklaryň oňyn täsirini has güýçlendirýän, derini peýdaly mikroelementler bilen baýlaşdyrýan we ondan zyýanly serişdeleri çykarýan, şol bir wagtyň özünde gan aýlanyşyny, serişde çalşygyny gowulandyrýan enjamlary ornaşdyryldy.

Bu bölümde deridäki şikesleri, çişleri aýyrmak üçin ary balyny ulanmak arkaly bejeriş çäreleri-de geçirilýär.

Şypahana bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow näsaglar üçin niýetlenen dynç alyş otaglaryna baryp gördi.

Şypahana üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si we lýuks otaglaryň 5-si ýerleşýär.

Bu ýerde diýetolog-lukmanyň görkezmesi esasynda berhiz tagamlary taýýarlaýan restoran, kitaphana, internet-zal, maslahatlar zaly we fitobar hereket edýär. Onda müşderilere dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan bejerijilik häsiýetli çaýlar, miwe önümleri, şerbetli suwlar hödürlenilýär.

Ak mermerli binalar toplumynyň ýanaşyk ýerlerinde gezelenç etmäge niýetlenen ýodalar çekilipdir, oturgyçlar goýlupdyr. Toplumyň çäginde futbol, basketbol, tennis, bilýard bilen meşgullanmak üçin sport toplumy, çagalar sport meýdançasy we çaýhana bar.

Döwlet Baştutanymyz dabaranyň ahyrynda Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Milli Liderimiz şypahananyň baş binasyndan çykyp, sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyz üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan täze merkeziň açylmagy bilen dabara gatnaşyjylary ýene bir gezek gutlady. Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra “Bagabat” şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän barlag-geçiriş nokadynyň ýanynda saklandy we bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylaryň gulluk hem-de olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Barlag-geçiriş nokadynyň serkerdesi döwlet Baştutanymyza gulluk ýagdaýlary we serhet ýakalarynyň häzirki ýagdaýy, bu künjegiň asudalygy hem-de abadançylygy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýokary derejeli gulluk etmegi, amatly ýaşamagy hem-de dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde şahsy düzümleriň harby gullugy bilen bir hatarda, degişli harby gullukçylaryň hünär eýeleri bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, bu çäreleriň watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň ösdürilmeginde, häzirki zaman harby hünärleriniň ele alynmagynda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Bu gün ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny özleşdirmek, degişli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda wajypdyr.

Harby gullukçylar ýokary derejede gulluk etmek, amatly dynç almak babatda döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine, Watanymyzyň her daban ýerini gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna kasam etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmaklaryny, Watanymyza wepaly gulluk etmeklerini arzuw etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu günki dabara gatnaşan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň bardygyny aýdyp, dag derelerinden, jülgelerden gelýän çeşme suwlarynyň netijeli ulanylmagy, bagy-bossanlyga bürenmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.

***

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda — “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan ýoluň esasy çatryklarynyň birinde gurlan “Saglyk” binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýetip gelýän 25 ýyllyk baýramyna gabatlanylan açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň we artistleriniň ýatdan çykmajak çykyşlary bu dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

“Il saglygy — ýurt baýlygy” şygaryndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak işini kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgam dünýä ölçegleriniň derejesine çykaryldy, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ýokarlandyryldy.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap, köpugurly hassahanalar we bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahana toplumlary ulanmaga berildi we şeýle maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Olarda innowasion tehnologiýalar, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary adamlaryň saglygynyň hyzmatynda goýuldy.

“Saglyk” binasynyň hem-de “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan ýoluň açylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Ýurdumyzda häzirki zaman ýol-ulag düzümini döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni, sport we önümçilik maksatly desgalary, ylym-bilim hem-de lukmançylyk merkezlerini gurmak baradaky başlangyçlar eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijisi, milli Liderimiziň halkymyz, onuň bagtyýar we abadan durmuşy baradaky ägirt uly aladasynyň aýdyň alamaty bolup durýar.

Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şähergurluşyk taslamalary durmuşa geçirilende, gadymy binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zaman binagärliginiň özboluşly ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň durmuş-ykdysady ösüşine aýratyn üns berýär. Häzirki zaman şähergurluşyk syýasatynda desgalary gurmak işine toplumlaýyn çemeleşilýär. Munuň özi türkmen paýtagtynyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmäge mümkinçilik berýär.

Golaýda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň, Estetiki merkeziň hem-de paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumy öz içine alýan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumynyň hem-de “Diwan” myhmanhanasynyň açylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, täze desgalaryň açylmagy halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygynyň we şeýle bolmagynda galýandygynyň subutnamasydyr.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalary Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ösmegine, onuň düzüminiň kämilleşdirilmegine hem-de täzelenmegine kuwwatly itergi berýär. Şol düzümde durmuş ulgamynyň desgalary möhüm orun eýeleýär.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular toý bagyny kesýärler. Şol pursatda dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar.

Alyslardan seleňläp görünýän “Saglyk” binasy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Aşgabat şäher häkimliginiň 2-nji ýol gurluşyk kärhanasy baş potratçy, “Myhmansöýer” hususy kärhanasy kömekçi potratçy hökmünde çykyş etdi.

Umumy beýikligi 25 metre we gurluşyk meýdany 1256 inedördül metre barabar bolan bu bina ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny hem-de Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen köpugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Soňky ýyllarda görlen çäreler milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ýokary ölçegleriniň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen paýtagtynyň şäher ýakasynyň binagärlik keşbi bilen sazlaşýan bu täsin bina ak reňkli 20 metrlik sütünleriň 8-sinden ybaratdyr. Şolar ýokarda altynsow halkalaryň bäşisi bilen birleşdirilýär. Olar ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar.

Binanyň çür depesinde möçberi 3,5x1,5 metre barabar bolan çanakda ornaşdyrylan, özüniň okunyň daşynda aýlanýan, beýikligi 4 metre barabar bolan milli lukmançylyk nyşany ýerleşýär.

Üzärlik derman otunyň 27 baldagynda 27 sany düwmesi bilen gurşalyp alynmagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň bellenýän senesini alamatlandyrýar.

Binanyň bezeginde halkymyzda gadymdan bäri dertlere derman hasaplanylýan dermanlyk ösümlikleriň — keýigokaranyň we üzärligiň ulanylmagy ata-babalarymyzyň iň gowy däpleriniň aýawly saklanylýandygyna hem-de biziň topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň köp keselleri bejermekde we onuň öňüni almakda giňden ulanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby hem melhemlik otlaryň we ösümlikleriň täsin häsiýetlerine bagyşlanandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasy bolan bu köp jiltli ylmy iş ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň farmakologlary üçin fitoterapiýa boýunça bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrüldi.

Binanyň özi diametri 40 metre deň bolan aýlawyň merkezinde ýerleşýär. Granitiň umumy meýdany 1 572 inedördül metrden gowrakdyr, mozaikanyň meýdany 68,15 inedördül metrdir.

Ägirt uly binanyň aşakky bölegini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynyň hem-de döwrebap lukmançylyk merkezleriniň şekilleri bezeýär. Şolaryň hatarynda Halkara newrologiýa merkezi, Halkara göz keselleri merkezi, Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Estetiki merkezi, Halkara “Ene mähri” merkezi, Kelle we boýun bejeriş halkara merkezi, Stomatologiýa merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bar.

Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň peýda bolmagy “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

“Saglyk” binasy “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, uzynlygy 23 kilometr bolan döwrebap iki zolakly awtomobil ýolunyň ugrunda guruldy.

Şypahananyň özüne bolsa uzynlygy 5,5 kilometr bolan, asfalt örtüginiň ini 9 metre deň bolan iki zolakly awtomobil ýoly çekildi. Täze ýol döwrüň talaplaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren anyk tabşyryklary göz öňünde tutulyp guruldy.

Ýoluň gurluşygynyň hili ýeňil we ýük awtoulaglarynyň uly basyşyna hötde gelmäge ukyplydyr. Munuň özi Ahal welaýatynyň ýol-ulag düzüminiň bu möhüm böleginiň uzak wagtlap hyzmat etmegini üpjün edýär.

Ýoly gurmak baradaky taslamany baş potratçy Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2-nji ýol gurluşyk kärhanasy hem-de kömekçi potratçy “Agzybir zähmet” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Bu hususy kärhananyň üstüne iki köprini gurmak wezipesi ýüklenildi.

Uzynlygy 32 metre barabar bolan birinji köpri ýoluň 750-nji metrinde, uzynlygy 44 metre barabar bolan ikinji köpri bolsa ýoluň 2 600-nji metrinde guruldy. Köprüleriň ikisiniň hem ini 17,5 metre, beýikligi 3 metre barabardyr.

Döwrebap şypahana barýan ýoluň ugrunda awtobus duralgalarynyň ikisi hem-de çyra sütünleri guruldy.

“Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginde gurlan, saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenilen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy.

Etrabyň häkimliginiň buýurmasy boýunça bu binany “Beýik bina” (potratçy) hem-de “Joşgun bina” (kömekçi potratçy) hususy kärhanalary gurdular.

Timarlaýyş işlerinde döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylan ägirt uly dört gatly bina otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 48-sini öz içine alýar. Şolaryň 12-si üç otagly (meýdany 160 inedördül metr), 24-si dört otagly (meýdany 180 inedördül metr) hem-de 12-si bäş otagly (meýdany 202 inedördül metr) öýlerdir.

Aşhanalar zerur bolan mebeller hem-de döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edildi.

Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň taslamalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem ýylylyk beriji ulgam hem-de gyzgyn suw bermek üçin niýetlenen merkezleşdirilen desga, energiýa üpjünçiligi üçin transformator bekediniň toplumy göz öňünde tutuldy.

Ýanaşyk ýerleriň ählisi abadanlaşdyryldy. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýörite jaý, dürli oýunlary oýnamak üçin uly bolmadyk meýdança, çagalar meýdançasy göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, bu daýhan birleşiginiň çäginden geçýän ýoluň iki gyrasynda 7 müň 100 sany Maşat sosnasynyň nahallary ekildi.

Dabara gatnaşyjylar hem-de täze jaýa göçüp baran bagtyýar ýaşaýjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz, onuň bagtyýar we abadan durmuşy barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Umuman, şu günki günüň wakalary milli Liderimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Döwrebap şähergurluşyk hem-de sazlaşykly içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň hal-ýagdaýy günsaýyn gowulanýar. Şunda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Mähriban halkymyz milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýan däplere baýdyr. Her bir adamyň ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, mähriban ülkämiziň täsin tebigatyny aýawly saklamaga saldamly goşant goşmagy milli häsiýetiň aýratynlyklarynyň biridir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gadymdan bäri zähmetsöýer halkymyz hemme ýerde — şäherlerde we obalarda ajaýyp baglary döredipdir. Şol täsin baglar köp sanly syýahatçylarda hem-de daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrypdyr. Tebigatyň arassalygy ugrunda tagalla edip, ata-babalarymyz özleriniň çagalaryna saýaly baglary ösdürip ýetişdirmegi hem-de saglyga oňyn täsir edýän seýilgähleri döretmegi wesýet edipdirler.

Pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän asylly däpleri biziň günlerimizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmek, bagçylygy we gülçüligi ösdürmek, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasy amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de baglary döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramagyň, olaryň ýaşaýyş-durmuşy hem-de göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň tutuş ilaty işjeň gatnaşýar.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda möhüm ekologiýa çäresi — köpçülikleýin bag ekmek dabarasy yzygiderli geçirilýär. Şol çäreler ilatymyzyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Ynsan eli bilen döredilen ýaş tokaýlar, baglar, seýilgähler we seýilbaglar bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwrülen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, hatda iň alysdaky künjeklerinde hem onlarça müň gektara ýaýylyp gidýär.

Geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde kaşaň ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar, şäherlerde we obalarda gür baglar hem-de gülzarlyklar döredilýär, awtomobil ýollarynyň ugrunda ýaşyl zolaklar emele gelýär. Şu günki wakalar hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň...
27.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň lukmançylyk toparlarynyň wekilini kabul etdi
Berdimuhamedow Germaniýanyň Mýunhen klinikasynyň professoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň lukmançylyk toparlarynyň wekilini kabul etdi
Türkmenistan — sagdynlygyň we bagy-bossanlygyň ýurdy