2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda, paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy, diýip TDH habar berýär.
Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň täze desgalar toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Hemmeler milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.Sungat işgärleri we döredijilik toparlary aýdym-saz, tansly çykyşlary uly joşgun bilen ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, düzümleýin desgalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.
Milli Liderimiz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen tonnelden geçdi, soňra merkezinde “Mahabat” binasy oturdylan aýlawly çatrykdan aýlanyp, paýtagtymyzyň uly ýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulan ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalar toplumyny gözden geçirip, ulanmaga berlen awtoulag tonneli boýunça geçip barýan gelnalyjyny synlaýar.
Onuň yzysüre tonnel boýunça çagalary alyp barýan awtobuslar geçdi.Täze ýoluň aşagyndan çekilen geçelge boýunça ilkinjileriň hatarynda geçmek olarda uly kaganatlanma duýgusyny döretdi.Awtobuslaryň yzysüre bu ýerden awtoulaglaryň akymy ýola düşdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz pyýada S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze “Diwan” myhmanhanasyna tarap ugrady.Hormatly Prezidentimiz ýol ugruna şäheriň bu künjeginiň ýagdaýyna we abadanlaşdyrylmagyna üns berdi.
Bu ýerde soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrülen döwrebap binalaryň toplumy kemala geldi.Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar.Döredijilik toparlary dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary hem-de tutuş halkymyzy täze binalaryň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.Dabaraly pursat gelip ýetýär.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.Milli Liderimiz myhmanhana toplumynyň içine girip, onuň gurluşy bilen tanşyp başlaýar.
Myhmanhananyň täze binasynda 131 otag ýerleşdirilip, olar standart, lýuks, ýarym lýuks we VIP otaglaryndan ybaratdyr. Şeýle hem restoran we banket zaly bar.Bu ýerde myhmanlaryň oňat ýaşamagy we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
Myhmanhana bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz lýuks we standart derejeli otaglary synlap, şolaryň içki bezelişine we üpjünçiligine aýratyn üns berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň banket zalyny we restoranyny synlap, bu ýere gelýänleriň oňat dynç almagy hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin döredilen şertlere ünsi çekip, myhmanlara medeniýetli we birkemsiz hyzmatlaryň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem bu ýerde, myhmanhanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdüriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Işewür paýtagtymyzdaky “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de uzakmöhletleýin esasda ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara daýanýan Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly işewür toparlary, şol sanda türk hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly sene—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki wakalar mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Milli Liderimiz bu ýerde kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat gowşurdy.
Işewür sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanynda durmuşa geçirilýän özgertmelere gatnaşmagy özi üçin belent mertebe hasaplaýandygyny aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.