Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Hytaý sammitine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa  Hytaý sammitine gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.

Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Ýubileý sammiti diňe bir soňky 30 ýylyň dowamynda gazanylan bilelikdäki üstünliklere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge, geljegi has uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça geljekki ädimleri kesgitlemäge ýardam etmelidir.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlary has möhüm ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Şol ulgamlarda ysnyşykly gatnaşyklar dostlukly döwletleriň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Hytaýyň Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridiginiň çuň manysy bardyr.Geçen ýyllaryň dowamynda ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdürildi we häzirki döwürde-de okgunly ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Jarnama gol çekip, däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy, özara bähbitlere laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarandyklaryny ýatlamak ýeterlikdir. Şonuň bilen birlikde, şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda-da — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” çäklerinde üstünlikli gatnaşyk edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary hem-de medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Şol hyzmatdaş ýurtlar bilen syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar.HHR-iň Başlygy Si Szinpin sammite gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşlerine şu duşuşyga gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Ýörite görkezilen wideoşekiller şu geçen ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlaryny hem-de ýetilen belent sepgitleri aýdyňlyk bilen görkezdi.

Taraplaryň hoşmeýilli erk-islegleri we parahatçylyga, rowaçlyga, durnuklylyga hem-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşe bolan ymtylmalary şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda, ilki bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmeginiň özi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara nähili ähmiýet berilýändigine, biziň dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy gyşarnyksyz pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünilýändigine şaýatlyk edýär.

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklary köp asyrlar bilen ölçenilýär. Şu döwürde hyzmatdaşlyk etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda hem-de medeniýetde gazanylan üstünlikleri alyşmagyň örän uly we özboluşly tejribesi toplandy.

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň çäklerinden tutuş dünýäniň medeni gatnaşyklarynyň ösüşiniň hem-de ilerlemegiň şertine öwrülen Beýik Ýüpek ýoly geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu ajaýyp mirasa daýanýan taryhy ykballaryň yzygiderliligi Merkezi Aziýa döwletleri garaşsyzlyga eýe bolan döwründe amala aşyrylyp başlandy.

Ol biziň paýtagtlarymyzda ilkinjileriň hatarynda öz diplomatik wekilhanasyny açan Hytaýyň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp boldy.Hytaý bize halkara giňişlikde ykrar edilmekde uly ýardam berdi.Ilkibaşda we soňra doly bahaly, özara bähbitli, deňhukukly ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmakda möhüm ädimleri ätdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge netijeli täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň düýpli soraglaryna garaýyşlarymyzyň ýakyndygy ýa-da laýyk gelmegi bu hyzmatdaşlygyň esasynda durýar.

Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk ugrunda çykyş edýär. Özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamagy hem-de işlerine goşulmazlygy talap edip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda göreşýär.

Dünýä bileleşiginiň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, täze howplara, şol sanda kiber we biohowplara garşy netijeli göreşmek boýunça görýän çärelerini goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň öz abraýyndan, hyzmatdaşlyk etmegiň ýola goýlan usullaryndan peýdalanyp, halkara işlerde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň täze gün tertibini ykrar etmäge bilelikde möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi, olaryň dartgynlylygy gowşatmagyň, dawalary aradan aýyrmagyň, jedelleri we gapma-garşylyklary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda gatnaşyklar hem-de gepleşikler ýoly bilen çözmegiň tarapdarydygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etdi.Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris.

Aşgabatda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy atly halkara maslahatda Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürdi.Biz ony Dialog — parahatçylygyň kepili diýip atlandyrýarys.

Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bolsa bu filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Bu ugurda birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesi ýola goýlan Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde bilelikde işlemegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara bolsa aýratyn orny degişli edýäris.Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň binýatlyk kadalary hem ýakyndyr: sebitiň ýurtlary we Hytaý Halk Respublikasy Ýer togalagynyň bu böleginde berk howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek sebit gün tertibinde möhüm mesele boldy we bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwlet we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Hytaýyň geljekde hem Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny goldajakdygyna bil baglanylýandygyny belläp, sebitiň çaklanýan, öňünden belli bolan we durnukly ösüşi üçin zerur syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki şertleri döretmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sammitiň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär diýip belledi. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi.Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.

Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem özara bähbitleriň bolmagynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň öňe süren Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlendi.

Häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli örän uly giňişligi birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmäge, köp sanly ýaşaýyş-durmuş soraglaryny çözmäge hem-de halklaryň durmuşynyň hilinidir hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Men hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň yklymda geoykdysadyýetiň täze görnüşiniň örän möhüm şerti bolmalydygyna ynanýaryn.Bu zerur ýagdaý bolup durýar we islendik netijeli ideýalardyr strategiýalar we başlangyçlar bähbitleriň hem-de uzak möhletli maksatlaryň utgaşmagy esasynda bir-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şoňa görä-de, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek taslamasy filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Bir guşak — bir ýol atly ählumumy hytaý taslamasy bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwer, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, ylmy we medeni gatnaşyklaryň ýagdaýyna düýpli baha berilmeginiň zerurdygyny belledi.Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary dünýä görnükli alymlary, oýlap tapyjylarydyr akyldarlary berdi.

Biz örän baý medeni hem-de ylmy däpleriň mirasdüşerleri we gorap saklaýjylary bolup durýarys. Şoňa görä-de, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga örän uly özara gyzyklanma bar. Şundan ugur alyp, biz bu gyzyklanmany höweslendirmelidiris.

Yzygiderli bolar ýaly, giň medeni we ylmy alyşma işjeň ýardam bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmegiň häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, bütin dünýä üçin şeýle kynçylykly döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý raýdaşlygyň we özara kömek bermegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi.Munuň özi bu ugurda toplanan tejribäni alyşmak üçin hünärmenleriň köp sanly onlaýn duşuşyklaryny guramakda hem, ilata sanjym geçirilende hem ýüze çykdy.

Biziň ýurtlarymyzyň sebitiň beýleki döwletleriniň çäginde galan raýatlaryna özara goldaw bermekde, zerur bolan ýükleriň daşalmagynda hem aýdyň boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga umumy kadalardan ugur alyp çemeleşendigini aýratyn belledi.

Gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň dowamynda koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk hakynda kabul edilen Rezolýusiýany biziň ýurtlarymyzyň goldandygy barada barýar.Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär diýip, milli Liderimiz nygtady we koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygynyň, bu ählumumy howpa garşy üstünlikli göreşmegiň örän möhüm şertlerinden biri bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Biz Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip etdi.

Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýüzlenip, örän ýakyn wagtda Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirjekdigini aýratyn nygtady.Döwlet Baştutanymyz bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine, bütin dünýäniň millionlarça adamlary üçin hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramyna öwrüljekdigine ynam bildirip, hytaýly dostlarymyza bu Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we ähli hytaý halkyny bu uly waka bilen gutlady. Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçer.

Bu döwür döretmegiň, bilelikde gazanylan üstünlikleriň, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň döwri boldy, strategik ösüş wezipeleriniň umumydygyna düşünmegiň, halklarymyzyň dostluk, hoşniýetlilik we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zamanyna öwrüldi.Biz anyk maksatlar arkaly aýdyň ýollar bilen bilelikde, ynamly öňe barýarys.

Birek-birege kömek we goldaw berip, beýik taryhy mirasymyza daýanyp hem-de dünýä gurluşynyň häzirki meýillerine göz ýetirip, täze belentliklere tarap gadam urýarys.Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz bozulmaz we synmazdyr.

Men onuň hemişe şeýle boljakdygyna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda aýtdy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny we kärdeşlerini — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny, olaryň üsti bilen doganlyk halklary şu şanly ýubileý bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi.Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň manyly çykyşy, Pekinde açylýan Gyşky Olimpiada bilen gutlaglary hem-de sammitde beýan eden peýdaly pikirleri we teklipleri üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde sebit işlerine işjeň gatnaşyp, sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.HHR-iň Başlygy häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini belläp, energetika ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki käbir ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň ilerledilýändigini nygtady.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri berýär.Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny aýratyn nygtady hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Siziň bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge hem-de Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandymyzy goşmaga taýýardyrys diýip, Si Szinpin sözüniň ahyrynda nygtady. Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek beýan edip, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga we häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge sazlaşykly hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmeleri görkezdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik