Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda şowhunly çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary geçirildi. Şu baýramçylyk günlerinde Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän atçylyk sport toplumyna, asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.

Irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy.Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň Diýarymyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ildeşlerimiz ýygnandylar. Çärä gatnaşýanlaryň arasynda şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly hormatly myhmanlar we işewürler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelýär.Milli lybasly gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen toplumyň çägine giren döwlet Baştutanymyzy toplumyň meýdançalarynda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň artistleri we döredijilik toparlary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen mübärekleýärler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şol sanda türkmen alabaýlaryny şekillendirýän eserleriň sergisi bilen tanyşýar.

Köp nusgalar deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerine bagyşlanypdyr.Olaryň tebigy gözelligi hem-de owadanlygy, adaty bolmadyk ösen duýgurlygy we täsin zehini şahyrlar hem-de suratkeşler, zergärler we heýkeltaraşlar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Diňe bir at çapyşyklaryny geçirmek üçin däl, eýsem, sportuň halkymyz üçin söýgüli milli görnüşini wagyz etmegiň hem-de ösdürmegiň merkezi bolan toplumyň tutuş çägi köp dürli owadan baýramçylyk görnüşleri bilen özüne çekýär.

Hemme ýerde uly halk toýuna mahsus şatlyk dowam edýär.Bu ýerde welaýatlaryň ählisiniň bezemen ak öýleri dikilipdir, bagşylar halk aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.Türkmen türgenleri görkezme çykyşlaryny, sportuň dürli görnüşlerinde ussatlyklaryny görkezdiler.

Milli göreşde ýeňiji bolan pälwanlara, gadymy döwürlerden däp bolup gelşi ýaly, düýe baýrak berildi.Döredijilik toparlary türkmen halkynyň milli buýsanjy behişdi bedewlere hem-de ahalteke tohumynyň abraýyny dünýä derejesinde ýokary galdyran mähriban Arkadagymyza we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine, mähriban halkymyzyň agzybirligine hem-de milli Liderimiziň töweregine mäkäm jebisligine bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz artistleriň ussatlygyna mynasyp baha berip, tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmagynda özi üçin niýetlenen ýere geçýär.Alypbaryjy türkmen halkynyň adyndan Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we ruhy galkynyşynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de milli Liderimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy we döwlet Baştutanymyza Hormatly il ýaşulusy diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi.Dürli aralyklar boýunça 7 çapyşygyň her birinde 12 bedew öz ýyndamlygyny we çalasynlygyny görkezdi.Tomaşa etmäge gelen adamlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dartgynly dowam eden özüne çekiji at çapyşyklaryna uly guwanç bilen syn etdiler. 1800 metr aralyga geçirilen birinji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşdy. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Ýyldyzhan diýen gara at bellenilen aralygy 2 minut 03 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy.

Ony M.Kiçigulow çapdy. Ýeňijä ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe toplumynyň baýragy — 15 müň amerikan dollary gowşuryldy.Ikinji çapyşykda hem 1800 metr aralyga güýç synanyşyldy.Bu çapyşykda B.Çaryýewiň hojalygyna degişli Kuwwatly diýen gara at birinji gelmegi başardy.

D.Berdimämmedowyň çapan bedewi bellenilen aralyga 1 minut 56,9 sekunt wagt görkezdi. Ýeňiji Nebitgaz toplumynyň 15 müň dollar möçberindäki pul baýragyna eýe boldy. Üçünji çapyşykda saýlama üçýaşar bedewler bäsleşige goşuldylar.

Onuň menzili hem 1800 metr boldy.Söwda toplumynyň goýan 15 müň dollar möçberindäki pul baýragy ugrundaky çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akmonjuk diýen gara at aralygy 2 minut 4,1 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy.

Ony A.Agamyradow çapdy.Bäsleşigiň dördünji çapyşygynda üçýaşar bedewler 2200 metr aralyk boýunça Senagat we kommunikasiýa toplumynyň 15 müň dollar möçberindäki pul baýragyny almak ugrunda güýç synanyşdylar. Örän gyzykly geçen çapyşykda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine degişli ikinji derejeli çapyksuwar Y.Saparowyň çapan Syrdaşym diýen gyr aty ýeňiji boldy.

Ol bu aralygy 2 minut 27,3 sekuntda geçmegi başardy.Bäşinji çapyşykda bedewler Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň 15 müň dollar baýragy ugrunda 2400 metr aralyga ýaryşa goşuldylar.

Dörtýaşar we uly ýaşar bedewleriň gatnaşan bu çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar diýen gyr at ýeňiji boldy.Bellenilen aralygy 2 minut 45,5 sekuntda geçen bu bedewi N.Annamyradow çapdy. Ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň 15 müň dollar pul baýragy ugrundaky altynjy çapyşykda hem dört we uly ýaşar bedewler 2400 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Örän özüne çekiji bu bäsleşikde Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bu aralygy 2 minut 38,7 sekuntda geçip ýeňiji boldy.

Ony üçünji derejeli çapyksuwar B.Babalyýew çapdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy, ýagny 30 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy ugrundaky jemleýji ýedinji çapyşykda hem dörtýaşar we uly ýaşar bedewleriň menzili 2400 metr boldy.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan at çapyşygynyň has çekeleşikli geçen jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgunan diýen dor at ýeňiji boldy.Bellenilen aralygy 2 minut 45,1 sekuntda geçmegi başaran bu bedewi ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Çapyşyklaryň arasynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary we sazlary ýaňlandy.

Olar belent owazy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler.Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolup, olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Çapyksuwarlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli atçylygy ösdürmek baradaky hakyky atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýurdumyzyň şöhratly atşynaslyk däplerini saklamak, dünýäde ajaýyp ahalteke tohumly atlary mundan beýläk-de wagyz etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz bu ýerde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Mejlisiň Başlygyndan we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan gutlaglary kabul etdi.

Bu şatlykly baýram milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüş we rowaçlyga tarap öňe barýan ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny dabaralandyrýar.Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň pugtalandyrylmagynda ägirt uly işler amala aşyryldy.Garaşsyzlygyň milli buýsanjymyzdygy, berkarar Watanymyzyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň synmaz esaslarydygy bellenildi.

Taryhy nukdaýnazardan uzak bolmadyk döwürde ýurdumyz türkmenistanlylaryň ruhubelent we tutanýerli zähmeti netijesinde ýüzýyllyklara barabar ýoly geçdi. Ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ýurdumyz dünýäniň kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygyň her senesi täze üstünlikleriň, şanly ýolda eýelenilýän belent sepgitleriň beýanyny özünde jemleýär.Bu baýramçylyk hemmeler üçin aýratyn many-mazmuna eýedir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň amala aşyrýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat strategiýasy Watanymyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň goldamagynda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň uly buýsanjyna öwrüldi.Munuň üçin ähli watandaşlarymyz milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köptaraply döwlet ähmiýetli işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Hökümet agzalaryny we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň raýatlaryny Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy bilen ýene bir gezek gutlady.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ajaýyp taryhy eýýamda Döwlet adam üçindir!

diýen şygarymyza laýyklykda, merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine, agzybirligine we jebisligine daýanyp, berkarar döwletimiziň garaşsyzlyk binýady has-da berkidilýär.Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Ýol ugrunda milli Liderimizi bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň wekilleri folklor hem-de tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, türkmen milli oýunlary, öz ussatlyklaryny hem-de çalasynlygyny görkezýän türgenleriň görkezme çykyşlary bilen mübäreklediler — bularyň hemmesi şu günki wakanyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy
10.11.2019 | Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
28.09.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi