4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV Sammitiniň işine gatnaşdy.
Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, şu ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Şu Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar.
Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.