Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji dekabrda Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP28) öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sammitde çykyş edip, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meseleleri boýunça milli derejede ileri tutulýan ugurlara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz çykyşynyň başynda häzirki maslahata howanyň üýtgemegi bilen bagly meselede öz halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny aýdyp, şunda biziň ýurdumyz tarapyndan BMG-niň durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatyndan başlap, beýleki iri forumlarda öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmäge ygrarlylygyň we yzygiderliligiň kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtady.
Hususan-da, 2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, ýurdumyzyň Pariž ylalaşygyna goşulmagy, şondan soňra agzalan Strategiýanyň täze redaksiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy, metanyň atmosfera goýberilýän zyňyndylaryny azaltmak babatdaky tagallalary Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşýandygynyň mysaly hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň zerurlygyna ünsi çekip, bu resminama ýurdumyzda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak meselesine seretmekde ilkinji ädim we möhüm hukuk binýady hökmünde garalýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda ählumumy howa başlangyçlarynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarly ýurt hökmünde Türkmenistanyň sammitde öňe sürülýän käbir resminamalara goşulýandygyny mälim etdi.