Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Antonio Guterrişe Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we şu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin, şeýle hem şu ýylyň iýul aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy ugry işlenip taýýarlanyldy.

Bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de bu Gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar.

Hususan-da, ekologiýa ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulandygyny belläp, türkmen tarapynyň bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde—Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär.

Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda netijeli işler alnyp barylýar. Onuň köpugurly işi umumy anyk maksatlary gazanmaga gönükdirilendir.

Umumy pikire görä, ilatyň saglygyny goramak ulgamy özara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, lukmançylyk-durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan yzygiderli işler bolsa, BMG tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň ählumumy meseleleri çözmegiň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan netijeli dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

Abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge başlangyçly çykyş edýändigi we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş sekretar Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
Serdar Berdimuhamedow Kazana iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Baş sekretar Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Guterriş Ýakyn Gündogarda ýaraşygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi