Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ösüşli ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýän Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzyň guwandyryjy, buýsandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny barha baýlaşdyryp durýandygy, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabyny halkymyza peşgeş bermegi, bu kitapda gadymy Änew şäheriniň taryhyna şeýle hem tutuş Ahal welaýatynyň geçmişine we şu gününe degişli gymmatly ylmy maglumatlaryň açyp görkezilýändigi barada bellediler. Şeýle-de Türkmen döwlet Neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli neşir edilen bu kitabyň türkmen halkynyň şanly taryhyna we häzirki bagtyýar döwrüne degişli täsirli suratlar bilen bezelendigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda gadymy ýadygärliklerimizi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmekde ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.