Prezident saparlarynda hakyky ýagdaý bilen tanyşmak däl, adat bolşy ýaly, öňünden taýýarlanan ýerleri görüp gaýtmak ýörelgesi üýtgemeýär.Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji iýunda ýurduň günbatar sebitine eden sapary barada berlen habarlarda, “Türkmenistan Altyn asyr” saýtynda 19-njy iýunda “Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili” diýen at bilen çap edilen synda aýdylýan zatlar, hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, hemmä belli hakykaty ýoýmaga edilen 'nalajadeýin synanyşykdan başga zat däl.
Azatlygyň söhbetdeşleri metbugatyň "Hormatly Prezident" propagandasynyň bugdaý bolçulygyna däl, dilegçilik edýän çagalaryň köpelmegine alyp gelendigini öňe sürýärler.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habaryna görä, prezident öz saparynda “welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy”. Emma synçylar prezidentiň hakykatda öňki ýolbaşçylar döwründe 'ýola goýlan boş propagandany' gaýtalandygyny, telesahnada baş gahrymanyň täzeräk, ýasyrak adam bolmagyndan başga täzeligiň görünmändigini' aýdýarlar.
Türkmenistanyň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý, bu ýagdaýyň ýüz müňlerçe adamyň daşary ýurtlara çykmagyna sebäp bolandygy barada soňky döwür sosial mediada hem 'janagyryly gürrüňler' edilýär. Öňki kärendçileriň biriniň sosial mediada guralan söhebtdeşlikde aýtmagyna görä, soňky döwürde ýolda, köçä çykaryp bugdaý satýan kärendeçiler hem göze ilýär.
Nyýazow döwründe öz ýetişdiren bugdaýyndan çagalary üçin birki halta galla alyp galan daýhan metbugatda 'paş edilip', berk ýazgarylan bolsa, belki-de, emele gelen ýagdaýy ýaşyrmak üçin, häzir galla, pagta harmanlaryndaky galplyklar barada hem metbugatda hiç zat aýdylmaýar diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Balkandaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň pikiriçe, oba hojalygyndaky galplyklar, şol sanda daýhanlaryň gapanda, terezide talanmagy sowet döwründen miras galdy, ýogsa il içinde 'gapan, terezi galplygy" örän erbet görülýär.
"Geçen hepde Bereket etrabynyň bugdaý kabul edýän harmanhanasynyň ölçeýjisi, kömekçisi bilen bile, MHM tarapyndan saklandy.Olar daýhanlaryň getiren bugdaýlaryny ölçäp alanlarynda, uly tereziniň aşagyndaky mehanizmler böleginde kerpiç, demir goýup, 6 tonna gelýän bugdaý hasylyny 4,5 tonnna edip görkezer ýaly edipdiler. Şeýdip, harmanda bikanun ýollar bilen toplanan ogurlyk bugdaý soň, sowet döwründe kolhoz başlyklaryna pagta satylyşy ýaly, kagyz ýüzünde, plan-borçnamasyny dolmak isleýän adamlara satylypdyr.
Olar harmanda hasapsyz toplanan bugdaýyň her tonnasyny 1500 manatdan satyp gelipdirler" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Metbugatdaky çeşmäniň Azatlyga aýtmagyna görä, žurnalistlerden diňe öwgi, taryp talap edilýär, olar oba hojalygynda köpelen galplyklary derňemek hakynda ýolbaşçylaryna teklip bilen hem ýüzlenip bilmeýärler.
Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri "boş propaganda adamlary halys ýadatdy, ol diňe prezidentiň sapary wagtynda däl, ýyl boýy, günde-günaşa gaýtalanyp, döwlet metbugatyny 'gülkä öwürýär' diýdi.
“JeyhunNews” web sahypasynyň 11-nji iýunda çap eden habary ýalan, onda Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň ýeralma meýilnamasyny 100,9% berjaý edendigi aýdylýar, bu dogry däl" diýip, kärendeçi aýtdy.
“Elbetde, hasyl erbet bolmady, emma borçnamany ýerine ýetirip bilmedik, häkimiýetleriň diýýän hasylyny almaga şert, mümkinçilik ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan ýeralma öndürmekdäki esasy kynçylygyň dökün ýetmezçiliginde bolandygyny aýtdy.
Onuň sözlerini Çärjew etrabynyň Azatlyk, Hajyýew daýhan birleşiklerindäki çeşmeler hem tassyk etdi.
Mundan başga, birnäçe daýhanyň tassyklamagyna görä, “Eýrandan getirilen arzan kartoşkalaryň bazara dökülmegi daýhanlaryň bar eden azabyny bir köpüge çykardy”.
Azatlyk mundan öň Balkanda sogan eken adamlaryň hem uly zyýana galandygyny habar beripdi.
Üýtgemeýän ýagdaý
“Kärendeçileriň ýagdaýy heniz üýtgänok” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri munuň sebäbini oba hojalygyndaky “deňsizlik, adamlary ala tutmak” bilen düşündirmäge synanyşdy.
“Ilki bilen, suwuň gyralaryndaky potrat ýerleriniň ählisi häkimlik wekillerine, gurply adamlara berlen, olaryň potrat ýerleriniň köpüsi eýýäm mülk ýeri edilip satylypdyr.Ikinjiden, bu adamlaryň ýerlerinde pagtanyň, bugdaýyň iň gowy sortlary ekilýär, dökünleri, suwy, bejergisi wagtynda berilýär.
Olar gowaçadan, bugdaýdan başga ekinleri hem ekip bilýärler.Emeldarlaryň potrat, mülk ýerlerine tehnikalar hem wagtynda barýar.Umuman aýdanyňda, puluň bolsa, ekiniň hem gowy bolýar.Olar pagta ammarlaryndan pagta hem satyn alyp bilýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi aýtdy.
Türkmenistanda gowy, suwa ýakyn ýerleriň emeldarlara ýa olaryň ýakyn adamlaryna berilmegi bilen bagly meseleler 90-njy ýyllaryň basynda başlandy we şol wagtky prezident bu ýagdaýy ýerli kärhanalar üçin gerek pagta hasylynyň alynmazlygynyň sebäbi hökmünde tankyt etdi.
Oba hojalygynda çatak meseleler ikinji prezident döwründe hem bölekleýin boýun alynýardy, ýöne synçylar üçünji prezidentiň obadaky kynçylyklar, şol sanda ýerlerini taşlap, daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýan daýhanlar barada hiç bir zat aýtmaýandygyny, belki-de, bu meseleler bilen gyzyklanmaýandygyny öňe sürýärler.
“Daýhanlaryn ýagdaýy has kyn, iň dogrusy, bu olary potrat ýerlerini taşlamaga mejbur edýär.Olar ekinlerini wagtynda ekdirip bilmeýärler, dökün almak üçin günde baryp, haýyş edip durmaly bolýarlar.
Potrat ýerlerini suwarjak bolsalar, zol-zol nasos döwülýär ýa-da suw ýok.Netijede, ekinleri wagtynda suwaryp bolmaýar.Nasoslar köne, daýhanlar jübülerinden pul çykaryp, nasos bejerdip ýadady.Daýhan dahod alýança müň ýerde çykdajy edýär.
Mesele diňe pulda hem däl.Adamyň wagty, ömri köýýär, nerwisi gidýär. Ýönekeý daýhana berilýän gowaça, bugdaý tohumlary pes, ýaramaz, olardan gowy gögeriş alyp bolmaýar.Ekin ekilen meýdanlaryň aglaba bölegi gurap ýatyr.
Daýhanlar güýçleriniň ýetdiginden ekinlerine seretdirjek bolýarlar.Tehnika üçin nobata durýarlar, eger pul berseň, ol nobatlary öňe süýşürdip bolýar, ýöne haýsy zada pul berjek? Üstesine, aljak dahodyň çykdajyňy ýapjagy belli däl” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi ýagdaýyny düşündirdi.
Lebapdan Türkiýä gazanç etmäge gelen oba hojalyk işgäri golaýda sosial mediada guralan söhbetdeşlige goşulyp, traktorçylykdan inženerçilige çenli ýol geçendigini, ýöne oba hojalygynda näçe işleseň-de, iýseň geýmäge, geýseň iýmäge ýetmeýändigini gürrüň berdi.
Öňki kärendeçi gowaça ekende, döwlet harmanyndan pagta satyn alyp, jenaýata baş goşandygyny hem boýun aldy.
Mundan başga, zähmet migranty döwletiň oba hojalyk tehnikasyny işledýän adamlaryň dizel satmak, lewiý’, bikanun gazanç etmek bilen meşgullanmaly bolýandygyny, tehnikany gurat saklamak üçin köp çykdajy çykarmaly bolýandygyny gürrüň berdi.
“Näçe işleseň-de, iýseň geýmäge, geýseň iýmäge ýetmeýär” diýip, migrant türkmeniň aýdanlaryny ýerli ýaşaýjy hem tassyk etdi.
“Hakykatdan hem, plan dolmak üçin pagtabazadan pagta satyn alyp bolýar. Diňe pagta däl, bugdaý hem satyn alyp bolýar. Oba hojalyk tehnikasyny işledýän adamlar, eklenç üçin, dizel satmak, gijesine ýer sürüp, pul almak ýaly bikanun işlere ýüz urýarlar. Aýlyklar az. Ortaça aýlyklary 2000 müň manada hem ýetmeýär” diýip, obalaryň birindäki söhbetdeşimiz sosial mediada edilýän gürrüňleriň dogrudygyny tassyklady.
Ýaşaýjylar zyýana galýan kärendeçileriň dürli emellere ýüz urmagynyň sebäbine düşünmegiň kyn däldigini aýtdylar.
Çärjewli ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, häzirki ýagdaý bilen deňeşdirilende, sowet döwri, Nyýazow döwri hem gowy bolup görünýär:
“…hezillik galmady, kärendeçiler biraz gowy gazanç etmek üçin pagta ýygýanlara hakyny kem bermek, her 10 kg pagtadan 1 kilosyny hasaba almazlyk ýaly emellere ýüz urýarlar. Kärendeçileriň käbiri ýolbaşçylara para berip, pagtanyň çigidini alyp galýar. Soň onuň ýagyny alyp, öý şertinde öndürilen ýagy satyp, goşmaça peýda görýärler.”
Synçylar döwlet telewideniýesiniň prezidentiň sapary barada taýýarlaýan dabaraly’ gepleşikleriniň ýyldan-ýyla üýtgemeýändigini, olary görýän, metbugatda aýdylýan zatlara üns berýän adamyň gaty azdygyny aýdýarlar.
Seýdi, Dänew, Çärjew, Saýat, Hojambaz, Köýtendag etraplarynyň aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylarynyň tassyklamagyna görä, “Lebabyň köp böleginde döwlet telekanallaryna umuman tomaşa edilmeýär.”
“Türkmen telewideniýesiniň gepleşiklerine tomaşa edýänleriň aglaba bölegi hiç zada geň galman, öz bilýän faktlaryny aýdyşyp, ilat üçin gurnalýan sahnanyň üstünden gülýärler” diýip, hojambazly bir erkek Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Sowet döwründe pagta hasyly esasan aýal-gyzlaryň, mekdep okuwçylarynyň, studentleriň el güýji bilen ýygnalardy. Indi, aýdylmagyna görä, mätäç maşgalalaryň çagalary hem, başga iş tapsalar, meýdanda pagta ýygmak islemeýär. Bu ýagdaýyň sebäbi meýdan işindäki gazanjyň halys az bolmagy bilen düşündirilýär.
“Tomus kanikulyna çykan mekdep okuwçylary, eli ýuka maşgalalaryň çagalary gurply hojalyklaryň melleklerinde, etrap, şäher ýerlerindäki awtoýuwalgalarda, kafelerde işläp, gazanç etjek bolýarlar. Türkmenabat şäherine gidip, her hili agyr işlerde işleýän ýetginjekler hem az däl” diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.
Gyzylarbatda gurnalan oýun
Gyzylarbadyň Arkaç daýhan birleşigine edilen sapar barada aýdylanda, atasy döwründe edilişi ýaly, prezident ogluň sapary hem tas doly sahnalaşdyrylan, aýdyljak sözleriň her biri öňünden öwredilen görnüşde guraldy, “bu gözboýagçylygyň dowam etdirilmeginden başga hiç zat däl” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi aýtdy.
“Eger-de Serdar hakykatdanam problemalary çözüp, reforma geçirmek isleýän bolsa, öňünden ýörite taýýarlanylan daýhan birleşigine däl-de, gamyş basan, suw, dökün ýetmezçiliginden bir garyş bolup oturan ekin meýdanlaryna baryp, bar bolan problemalary ýerinde çözerdi.
Zaw, Ýaşlyk, Paraw daýhan birleşiklerinde gamyş, pişikguýruk basan bugdaý meýdanlary kän… Prezident, hamala, hiç bir ygtyýary ýok ýaly, öňki iki prezidentden miras galan bolgusyz sahna gatnaşyp, özüni öwdürip, özüni aldap gaýtmakdan utanmaýarmyka?
Adamlar bu sahnadan Nyýazow döwründe bizar boldy.Bu zatlar, birinjiden, 2024-nji ýylyň adamlary üçin gülkünç, ikinjiden, bu syýasat özüni ödemedi” diýip, gyzylarbatly söhbetdeşimiz aýtdy.
“Obada ýaşaýan adamlaryň şäherlere göçmegi, ýaş daýhanlaryň iş gözläp, daşary ýurtlara gitmegi oba meselesini has agyrlaşdyrýar. …agyr zähmet, pes girdeji, ýokary tutumlar daýhanlaryň ellerini işden sowatdy.Mundan başga, oba hojalygy ogurlyk, tansy-bilişli emeldarlaryň bähbidiniň öňe sürülýän ýerine öwrüldi.
Suw, tohum, tehnika, dökün meseleleriniň tas hemişe kyn bolmagy, iň erbedi bolsa, daýhan mertebesiniň garyp’, garamaýak’ diýen ýaly sözler bilen peseldilmegi, olaryň sözüniň diňlenmezligi, dürli kemsitmeler adamlary ýadatdy” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri hökümet mejlislerinde, metbugatda agzalmasa-da, oba adamlarynyň öz düşen ýagdaýy barada gürrüň edýändiklerini aýtdy.
Aýdylmagyna görä, obada dörän agyr ýagdaý köp daýhanyň, hususan-da kowid pandemiasyndan soň, ýurdy terk etmegine getirdi.
Prezidentiň geljek, görjek ýerleri, aýdylmagyna görä, emeldarlaryň ýerleri bolup, ol ýere gürlemek üçin taýýarlanylan daýhanlary eltýärler.Emeldarlaryň ýerlerine gowy ideg edilýär, şol ýerler hem telewideniýede görkezmek üçin saýlanyp alynýar” diýip, ýagdaýy gowy bilýän hünärmen prezidentiň geljek ýeriniň birnäçe aý öňünden kesgitlenilýändigini, abadançylyk, ösüş’ spektaklynyň gowy gurnalmagy üçin uly alada edilýändigini, bu hili alada bar bolan meseleleri ýaşyrmaga däl, çözmäge gönükdirilse, il-ýurt üçin has gowy boljakdygyny aýtdy.
“Diňe şäherlerde däl, indi oba ýerlerinde hem dilegçilik edýän çaga köpeldi" diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy. “Işsiz adam kän, gündelik gazanç hem kyn.Iş tapsalar, gününe 50 manat çemesi pul gazanýarlar, ol hem hojalyga ýetmeýar.
Köp çagaly maşgala günde azyndan 3-4 sany tegelek çörek gerek. Çöregiň bahasy 6 manat, iş tapan günlükçiniň gazanan pulunyň ýarysyndan gowragy çörege gidýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi özüni öwdürýän ýolbaşçylaryň bu ýagdaýy bilmezliginiň mümkin däldigini aýtdy.
Onuň pikiriçe, häzir köp adam çykalgany daşary ýurda gitmekde görýär.
“Adamlaryň köpüsi daşary ýurda gidip işlemegiň ýeňilleşdirilmegini isleýär.Sebäbi olar daşary ýurtda gazanan puluny ýurduň içine ugradýar.Adamlar bir topar çykdajy edip, bergä girip, para berip, ýurtdan daşary çykýarlar we baran ýerlerinde gaçgak bolup gezmeli bolýarlar. Ýurda gelseň, soň daşyna çykmak mümkin däl ýa kyn… Şonuň üçin, döwletara wizalary uzak wagtlyk alyp bolsa, ýurda gelip-gitmek aňsatlaşdyrylsa, kyn ýagdaýdaky adamlar, maşgalalar üçin has gowy bolardy” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi işsizlik meselesini çözüp bilmeýän hökümetiň bolmanda hereket azatlygyny çäklendirmek syýasatyndan el çekmelidigini belledi.
Şeýle-de ol, daşary ýurtlara işlemäge gidýänleriň gazanan pullaryny ýurda getirmekde görýän görgüleriniň 'akyla sygmýandygyny', eger islese, hökümetiň bu meseläni ýüz ugruna çözüp bilýändigini aýtdy.
“Işe gidýänler gazanýan pullaryny ýurda salyp, öz ýasaýşyny, durmuşyny gowulandyrmak isleýär. Işläp öý, awtoulag edinjek bolýar, çagalaryny okatjak bolýar. Iň esasysy bolsa, adamlar ilki bilen aç-açanlyk, aýdyňlyk bolmagyny isleýärler. Hemişe gorkuda, türmede ýaşaýan ýaly däl-de, eýsem azat ýurtda ýaşamak isleýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen raýat aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň, garyplygyň derejesini, daşary ýurtlara gidip işleýän adamlaryň sanyny, olaryň ýurda iberýän pullarynyň möçberini aýan etmeýär, işsizlik, zähmet migrasiýasy bilen bagly düzgün bozmalar, üsti açylan jenaýatlar barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.