HORMATLY ARKADAG: Berdimuhamedow, ogurlanyňy yzyna gaýtar!

HORMATLY ARKADAG: Berdimuhamedow, ogurlanyňy yzyna gaýtar!

Arkadag, ogurlanyňy yzyna gaýtar!

Tutuş halky bir günde, bir gezekde nädip talap bolýandygyny bilýäňizmi?

Muny prezident Berdimuhamedow başardy.

Ol halkdan Garaşsyzlyk gününi 27-nji oktýabry ogurlady.

Ol halkyň hakydasyndan täze syýasy halkyň täze gurluşynyň başlanýan döwrüni syryp aýyrmaga synanyşýar.Gürrüň diňe bir 1991-nji ýyldaky Döwlet özygtyýarlylygy Jarnamasy bilen çäklenmeýär, elbetde, ol hem örän möhüm pursat, ýöne ilki başdan 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabry aýratyn, ähli goňşularymyz tarapyndan ykrar edilen serhetlerimiz çekilip, ol kesgitlenende, onuň çäginde türkmen halky öz aýratynlyklaryny döredip hem gorap saklamagy başarjakdy, öz ösüş derejesine girişip biljekdi, şol serhet bolmazdan, oňa ýetip bolmajakdy.

Medisina, bilim, senagat, ylym, bularyň bary şol pursatdan başlandy 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan.Bütin dünýä belli bolan medeniýet diňe 1924-nji ýylda döredilen serhediň penasynda özüni gorap hem ösüp biljekdi, muňa şübhe edýänleri türkmenleriň köpçülik-kowçum bolup ýaşaýan goňşy ýurtlaryna syýahada ugratmak mümkin.

Türkmen halkynyň beýik taryhyna tükeniksiz ýüzlenip boljakdygy gürrüňsizdir. Ýöne hakykata dogry seretmäge wagty ýetdi. 1924-nji ýyla çenli türkmenleriň öz döwletliligi ýokdy, subýektiwlige eýe bolmak mümkinçiligi ýitip barýardy, ýöne ol amala aşyryldy! 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyň garaşsyzlyk ygtyýarlygyny tükeniksiz maslahat edip bolar. Ýöne häzirki zaman Türkmenistan döwletiniň binýady 1991-nji ýylda tutuldy. 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabry bilen 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabr seneleri Türkmenistan üçin bitewi ulgam döredýär, onuň netijeleri derňewe degişli däl, olar eýýäm halkyň we döwletiň taryhynyň bir bölegi.

Munuň öwezine Berdimuhamedow näme teklip edýär?Indi oňa derek Aziýa oýunlarynyň gutaran gününi bellemek teklip edilýär, ony bolsa taýynlamak hem geçirmek üçin, tas döwlet gaznasy talanypdy.Garaşsyzlyk güni diýýäňizmi?

Bir aý öň, bir aý soň; tapawudy näme? Öz döwletiň taryhyna şeýle gödek çemeleşmek bagyşlanmaz, esasanam Garaşsyzlyk güni ýaly sarsmaz alamatlar babatynda.Bu diňe özüňi taryha ýazmak synanyşygy, karamçylyk synanyşygy, örän şowsuz, bu hakyky taryhy wakalaryň manysy we ähmiýeti bilen baglanyşygy bolmadyk, dürli ýurtlarda häli-şindi geçirilip durlan kiçi sport çärelerine gyzygýan aşa çetdäki bir adamyň synanyşygy. Şeýle bolsa oňa öz milli baýramlaryny-da üýtgetmek gerek.

Halkdan gowy aýdyp bilmersiň... belli ýaşulularyň biri Garaşsyzlyk gününiň üýtgedilendigi baradaky habardan soň şeýle diýdi: “Ol öz adyny üýtgetdi, kakasynyň we oglunyň atlaryny üýtgetdi, ol Garaşsyzlyk gününi üýtgetdi. Belki, doglan gününi hem üýtgetmelidir? Aýdaly, 31-nji fewrala...”

Berdimuhamedow, ogurlanyňy yzyna gaýtar! Halka 27-nji oktýabry gaýdyp ber!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

------------------------

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinli giniý kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Büzmeýinde ýetginjekler topar bolup ýakalaşdy
Mejbury çäreler býujet işgärlerini köseýär, mugallymlar sapakdan çykarylyp, çärelere sürülýär
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde "karantin okuw tertibi" saklanýar
Saglyk pudagyndaky gözgyny ýagdaýyň’ fonunda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýär
Maryda 'wirus we açlyk' ilata zarba urýar, Aşgabatda COVID-19 jan alýar, çagalar ýetim galýar
Habarçy: ÝOJ-lar býujetden aýrylyp, şertnama esaslaryna geçirilýär