Horlanmaga päsgelçilik berýän önümler haýsylar?

Horlanmaga päsgelçilik berýän önümler haýsylar?

Sagdyn iýmitlenme ulgamy boýunça bilermenler horlanmaga we aşa agramlylyga garşy göreşmäge päsgelçilik berýän önümleriň adyny aýtdylar. Şunlukda, hünärmenler, ilkinji nobatda, gaplanan çörek önümlerinden el çekmegi maslahat berdiler. Bu önümleriň sanawyny Ridus internet gazetine salgylanyp, news.day.az paýlaşýar.

Gaplanan çörek önümleriniň düzüminde olaryň ýaramlylyk möhletini uzaldýan, reňkini, tagamyny we ýumşaklygyny gowulandyrýan köp sanly goşmaça maddalar saklanýar. Şoňa görä-de, olar ýönekeý uglewodlara baý bolandygy üçin az wagtlyk dokluk duýgusyny berýär.

Hünärmenler şeýle-de düzüminde ýokary kaloriýa saklaýandygy sebäpli, dürli görnüşli gury ertirliklerden el çekmegi maslahat berýärler.Meselem, kaloriýa möçberi boýunça bir paýlyk hlopýa oňat günortanlyk edinmek bilen deňdir.

Mundan başga-da, gury ertirlikler aşgazanasty demire goşmaça agram salýar.Gowusy bu önümleri miwedir hozly kaşa (şüle) bilen çalyşmak bolar.Artykmaç agramdan dynmak isleýän we ýönekeýje öz saglygyna seredýän adamlara iýmit normasyndan ýarymfabrikatlary hem aýyrmak gerek.

Bu önümleriň ulanylmagy ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar.Mundan başga-da, goşundyly ýogurtlardan hem el çekmek zerur, çünki bu önüm süýji tagam hasaplanyp, ol düzüminde şekeriň we kaloriýanyň köplügi bilen tapawutlanýar.

Oňa derek özbaşdak ir-iýmişlerdir miweler, hoz garylan tebigy ýogurtlary iýmek maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Yzygiderli elektrik kesilmeleriniň arasynda, häkimiýetler tygşytlylyk talaplaryny güýçlendirýär
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary
Ajy Burç
Ysraýyl Gazadaky Ýok Ediş Urşuny 3 Aýdan Bäri Dowam Erdirýär
Balkanda biometriki pasport nobatlary 2025-nji ýyla çenli uzady
Galyndylaryň öňüni almak özüňize bagly