Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler

Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler

Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda, Türk dünýäsi bilen arabaglanşykly ylmy barlaglarda esasy orun eýeleýän Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler hakynda maglumat bermekçi.

Döwrümizde Özbegistanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň içinde ýerleşýän Horezm, 12-nji asyrdan başlap medeniýet merkezi bolan sebitdir. Horezm sözüniň türk diline degişli döwre wekilçilik etmegi Ali Şir Nowaýynyň “Mejalisün Nefais atly eserinde, alym Hüseýin Horezmi hakynda maglumat bermegi bilen ýüze çykýar.

Horezm 11-nji asyryň başynda Gaznalylara degişli sebitlerden biridi. Şol sebiti dolandyranlara Horezmşalar diýlipdir.Horezmşalar Oguz hanyň Beýdili atly agtygynyň neberelerinden gaýdýar.Käbir halklar, Mango hüjümlerine sezewar bolan şol sebitden göçmäge başlaýar. Çingizliler Horezm şalygy döwletiniň ýykylmagyna sebäp bolýar.

Jelaleddin Horezmşanyň, mangollary we gürjüleri birnäçe gezek ýeňendigine garamazdan döwlet ozalky güýjüne eýe bolup bilmeýär.Anadoly selçuklaryna garşy hem göreşen Jelaleddin Horezmşanyň hakyna tutma esgerlerden biri tarapyndan öldürilmegi bilen Horezmşalar döwleti resmi taýdan dargaýar.

Bu syýasy wakadan soň Horezmşa sebiti türkleşýär.Gypçak we oguz taýpalarynyň sebite ýerleşmegi bilen birlikde Horezm türkçesi ýüze çykýar we Horezm 12-njy asyrda medeniýet merkezine öwrülýär.

Şol döwürde arap we pars dilleri bilen birlikde türk diliniň täsiriniň güýçlenendigini görmek bolýar. Şu günki güne çenli geçirlen ylmy barlaglarda Horezm döwründe ýazylan eserlere gabat gelinýär we türk dili, taryhy sahypalarda ýerini alypdyr.

Horezm döwrüniň naýbaşy eserlerinden biri Zamahşeri tarapyndan ýazylan Mukaddimetük Edepdir. Edebe giriş manysyndaky eser, arap dilini öwrenýänler üçin gysga sözlerden we sözlemlerden emele gelýän ýönekeý sözlükdir.

Başga bir eser bolsa Rabguzi tarapyndan 1311-nji ýylda ýazylan Pygamberleriň kyssasyny gürrüň berýän Kisasül Enbiýadyr.

Muniül Mürid atly eser bolsa şägirdiň kömekçisi manysyny aňladýar we Yslam atly şahyr tarapyndan ýazylan 900 beýitden ybarat bolan eserdir.

Kutb atly Horezmli şahyr tarapyndan ýazylan Hüsreýü Şirin eseri hem şol döwre degişlidir. 4370 beýitlik eserde Sasani hökümdary Hüsrew bilen Ermeni hökümdarynyň dogany Şiriniň yşgy gürrüň berilýär.

Ýazyjy Mahmud bin Ali tarapyndan ýazylan “Jennetleriň açyk ýoly” manysyny aňladýan Nehjül Feradis atly eser, türk edebiýatyndaky kyrk hadyslaryň ilkinji terjimesidir. Eser dört bapdan we her bap hem 10 bölümden ybaratdyr.

Horezmi tarapyndan 1353-nji ýylda ýazylan 10 kiçi bölümden ybarat bolan Muhabbetname atly eser hem Horezm döwrüniň naýbaşy eserlerinden biridir. Horezm döwründe terjime edilen Gurhanyň ilkinji nusgasy Stambul şäherindäki Süleýmaniýe kitaphanasynda sergilenýär.

Horezm döwründe ýazylan emma awtory belli bolmadyk Mirajname atly eser bolsa Magraç wakasyny gürrüň berýär.

Horezm döwrüne degişli gol ýazma eserleriň bir bölegi dünýäniň çar tarapyndkyn kitaphanalarda sergilenýär. Eserler mazmuny we dil taýdan türk diliniň ýazuw tahynda uly rol oýnaýar. Garahanly we Çagataý türkçesiniň arasynda geçiş döwri özbuşlulygyna eýe bolan şol eserlere ylmy barlaglarda ýygy-ýygydan gabat gelinýär. Türk dilinde ýazylan şol eserler yslam medeniýeti bilen birlikde türk medeniýetiniň hem goralyp saklanandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Hywa şäherine 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň jahankeşdelik merkezi diýen güwänama gowşuryldy
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Şawkat Mirziýoýew “Özbegistan-Türkmenistan” erkin söwda zolagynyň döredilmegini tassyklady
Ş.Mirziýoýew Özbegistan — Türkmenistan erkin söwda zolagyny döretmek baradaky Karara gol çekdi