Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar

Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar

Garaşsyzlyk baýramynyň fonunda häkimiýetleriň güýçlendirýän gözegçiligi we ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň hem-de 'demikdiriji' çäklendirmeleriň arasynda güzeran aýlamaga çalyşýan ýönekeý türkmenistanlynyň agyr durmuş şertleri resmi media serişdelerinde görkezilýän baýramçylyk joşgunyna kölege salýar.

“Garaşsyzlyk baýramçylygynda adamlaryň ýüzünde şatlyk-şagalaňdan nam-nyşan ýok. Kimi görseň, gaýgy-gamda, bergide. Kime duşsaň, pikir-hyýaly daşary ýurtda, iş gözleginde” diýip, Mary welaýatynyň paýtagtynda baýramyň barşyny synlaýan bir ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne döwlet telewideniýesinde diňe, hamala, ýokary ruhubelentlikde bellenilýän baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly çykyşlar, güler ýüzli adamlar hem-de tans edýän ýigitler we gyzlar görkezilýär.

Güzeran aladalaryna gümra bolan bir polisiýa işgäri aýdym-sazly dabaralara uzakdan syn edip, “bizde diňe aýdym-saz” diýip, anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär. “Ýöne diňe öňe, diňe öňe diýip, gygyranyň netije bermeýär. Na-na-naý’ diýip, aýdym-saza bat bereniň bilen adamlaryň durmuş şertleri gowulanmaýar. Na-na-naýdan’ nan bolmaz” diýip, maryly polisiýa işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda ilatyň Garaşsyzlyk baýramyny belleýşine syn etdiler. Baýramçylyk howalasy häkimiýetleriň güýçlendirýän gözegçiligi bilen ýatda galýar.

Hususy ulaglar nyşana alynýar

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri baýramçylygyň öňüsyrasynda we “ýol howpsuzlygynyň” biraýlygynda Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri bilen bileleşip, köçelerde ygtyýarnamasyz täjirçilik maksatly ulaglary, şol sanda taksileri we ýük ulaglaryny awlaýar.

Ýatlasak, Türkmenistanda 1-nji sentýabr 30-njy sentýabr aralygynda “ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär.

26-njy sentýabrda Mary welaýatynda PÝGG işgärleriniň hem-de Döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň ygtyýarnamasyz täjirçilik ulaglaryna garşy geçiren reýdlerine şaýat bolan birnäçe sürüji, giň ýaýran işsizlik sebäpli, “ulagda adam gatnatmagyň özleri üçin ýeke-täk girdeji çeşmesine öwrülendigini” aýdýar.

Häkimiýetler tarapyndan ele salnan ygtyýarnamasyz taksi sürüjileriniň käbirleri özleriniň kireý etmeýändiklerini öňe sürüp, ulaglaryna mündüren müşderilerini öz tanyşlary hökmünde tanyşdyrmaga çalyşýar. Ýöne PÝGG işgärleri sürüjini ulagdan düşürip, onuň tanyşlarym atlandyran müşderilerinden sürüjiniň at-familiýasyny we beýleki şahsy maglumatlaryny soraýar. “Taksi diýip, mündüňizmi?” diýip, olar müşderilerden’ sürüjiniň takyk maglumatlaryny anyklamaga çalyşýarlar.

Mary welaýatynyň paýtagtynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen giň gerimli reýdleriň dowamynda polisiýa işgärleri we salgyt gullukçylary hususy taksileri, ygtyýarnamasyz ýük ulaglaryny we hatda gapdaly tirkegli motosikllere çenli nyşana aldylar.

“Bazaryň golaýyndaky ýük ulaglaryna, çem gelen ýeňil awtoulaglara, hatda gapdal tirkeginde garpyz daşaýan motosikllere çenli jerime ýazdylar” diýip, bazaryň töwereginde geçirilen reýdlere şaýat bolan bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Adam gatnadýan hususy awtoulaglaryň sürüjileri, şeýle-de täjirçilik maksatly ýük ulaglarynyň eýeleri özleriniň güzeran şertleriniň agyrlaşandygyny, şol bir wagtda ygtyýarnama almagyň hem kyndygyny aýdýarlar.

“Iş ýok, kireý etmäge rugsatnama ýok, biz nädip eklenmeli” diýip, bir hususy awtoulag eýesi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz hususy awtoulagynda taksiçilik’ bilen meşgullanyp, gazanç edýän bir sürüjä näme üçin ygtyýarnama alyp, adam gatnatmaýandygy, ýa-da döwlet taksilerine işe durmaýandygy barasynda sorag bilen ýüzlendi.

“Döwlet salgyt gullugy ýylda 3-4 gezek reýd geçirip, jerime ýazýar. Emma salgyt töläp, kanuny esasda kireý etmäge ygtyýarnama, möhürli rugsatnama bermeýärler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.

Mary welaýatynyň ulag ulgamyndan habarly bir çeşmäniň sözlerine görä, döwlet taksileriniň sürüjileri her gün döwlete 160 manat tabşyrmak bilen borçlandyrylýar. Şeýle-de, bu ulaglaryň sürüjilerine gündelik 20 litr möçberinde ýeňillikli benzin berilýär. Ýöne, onuň sözlerine görä, soňky wagtlarda şäherde taksi çagyrýan adam azalýar, ilat köplenç köpçülik transportynda gatnamagy saýlap alýar, galyberse-de, ygtyýarnamasyz hususy taksi ulaglarynyň köp bolmagy hem döwlet taksileriniň müşderilerine täsir edýär, üstesine, döwlet taksi kärhanalaryna işe durmak üçin hem para soralýar.

Ýöne sebitdäki baýramçylyk howasyna syn edýän habarçylarymyza görä, adam gatnadyp, eklenç edýän hususy awtoulaglaryň eýeleri häkimiýetleriň ýeke-täk nyşanasy däl.

Dilegçiler we zir-zibil dörýän adamlar ýygnalýar

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri sebit merkezinde dilegçilere we el serýän adamlara, şol sanda çagalara garşy hem reýd geçirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, baýramçylygyň öň ýany, sebit merkezindäki bazarlaryň birinde gawun-garpyzlaryň paçaklaryny çöpläp, mal eýelerine iým hökmünde satýan bir ataly-ogluň kyssasyny gürrüň berýär.

Olar bazar sowlandan soň zibil çeleklerini dörüp, zir-zibilden gawun-garpyzlaryň galyndylaryny, paçaklary gözleýärler. Ataly-ogul tapan-tupanlaryny, kimdir biriniň derdine ýarajak gawun-garpyz paçaklaryny mal iými hökmünde satlyga çykarýarlar.

Ýöne diňe ataly-ogul däl, Azatlyk Radiosynyň habarçysy başga-da ençeme çagalaryň hem kiçijik elleri bilen bazarlardaky zir-zibil çeleklerini dörýändiklerini habar berýärler. Olar baýramçylyk döwründe el serip köçelerde dilegçilik etseler özleriniň polisiýa tarapyndan tussag edilmeginden gorkýandyklaryny aýdýarlar.

Bazardan paçak toplaýan ataly-ogul özleriniň polisiýa tarapyndan saklanyp, baýramçylyk tamamlanýança öýsüzleriň we serhoşlaryň wagtlaýyn gabawhanasynda saklanmakdan howatyr edýändiklerini gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy kiçijik elleri bilen zir-zibilleri dörýän çagalaryň arasynda keselçilige uçraýan körpelere-de duş gelinýändigini gürrüň berýär.

“Biziň ýurdumyzda iň uly baýlyk adamyň saglygy diýýärler. Biz ýaly garyp syrkawlasa, döwletimiz garyba tölegsiz derman bermeýär. Garyp gatlak keselhanalarda döwletiň hasabyna tölegsiz bejergi alyp bilmeýär” diýip, maryly beýleki bir ýaşaýjy agyr şertlerden şikaýat etdi.

Marynyň bazarlarynyň birinde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ataly-ogul özleriniň ýurtda kömege mätäç çagalar üçin açylan haýyr-sahawat gaznasyndan habarlarynyň bardygyny, ýöne bu haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamlarynyň köplere elýeterli däldigini aýdýarlar.

“Çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny açypdyrlar, ýöne bu gaznanyň biz ýaly garyp maşgalalara haýry ýok. Biz ýaly ýardama mätäç ençeme hojalyk, syrkawlan çagalar bar. Olaryň ýeke biri haýyr-sahawatdan ýardam alypdyr diýip eşitmedik” diýip, ataly-ogul Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Gaýtam, biz ýaly garyp hojalyklaryň üstüne polisiýany küşgürýärler” diýip, ýalňyz ata sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde tertip-düzgüne gözegçilik edýän bir polisiýa işgäri bilen hem söhbetdeş boldy. Efirde adynyň aýdylmazlygyny soran kanun goraýjy işgär soňky wagtlarda köçelerde dilegçilik edýän çagalaryň köpelýändigini gürrüň berýär.

“Ejesi ýa-da kakasy türme tussaglygynda oturan ýa-da oturyp çykan adamlaryň çagalary, hossarlaryndan biri aradan çykan maşgalalaryň ýetim galan çagalary, ýa-da olar eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidip, hojalygyna pul ugradyp bilmeýän adamlaryň çagalary, hatda enesi we atasy ýanlarynda bolsa hem işe durup bilmän garyplykdan ejir çekýän maşgalalaryň çagalary... Şular ýaly ýagdaýy kyn hojalyklara goldaw gerek...

Biz bulary häzir tussag edip, soňra ýene goýbersek barybir bular ertir dilegçiligi bes etmeýärler” diýip, polisiýa işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bizde bolsa diňe aýdym-saz, şatlyk-şüweleň” diýip, baýramçylygyň öňüsyrasynda güýçlendirilen polisiýa gözegçiligine gatnaşýan işgär anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi baýramçylyk dabaralarynda şatlanýan adamlary, tans edýän ýigitleri we gyzlary hem-de aýdym-saz şüweleňlerini görkezýär, ilatyň hor-homsy durmuş şertlerini asla agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda ýer titredi: köçelerde ýolyşyklar yrandy
Türkmen sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň 'keç ykbalyndan lapykeç bolýar'
Hindistanyň günortasyny sil basdy
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
Antalýada gonuş wagty ýolagçy uçaryň hereketlendirijisi ýandy
Türk dokmental film festiwalyna 9 ýurtdan 300 ýüztutma geldi