Honor Hytaýyň bazarynda Huawei bilen Xiaomi-den öňe geçdi

Honor Hytaýyň bazarynda Huawei bilen Xiaomi-den öňe geçdi

Huawei kompaniýasyndan aýrylmak bilen Honor kämilleşmegini dowam etdirýär. Counterpoint kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça Hytaýda Honor bazaryň 16,9%-ini eýeläp, dördünji orna çykdy.

Deňeşdirmek üçin: bir ýyl ozal Honor bazaryň diňe 5,5%-ini eýeläpdi. Häzir hatda Xiaomi hem 14,9% paý bilen ondan yza galdy, Huawei-niň paýy bolsa bir ýylyň dowamynda 15%-den 6,2%-e çenli azaldy. Bazaryň beýleki esasy oýunçylarynyň paýlarynyň düýpli üýtgändigini göz öňünde tutsaň, Honor-yň Huawei-niň müşderileriniň ep-esli bölegini özüne çekendigi düşnüklidir.

Şeýle-de, Honor Hytaýda hem çärýek, hem ýyllyk ösüşini görkezen ýeke-täk smartfon öndürijisi boldy. Onuň Honor 60 hatary has meşhur boldy. Ýyllyk aňlatmasynda Honor 167% ösüşi görkezdi, Hytaýyň bazary bolsa 14% pese gaçdy.

Beýleki kompaniýalar barada aýdylanda, liderler Vivo bilen Oppo öz paýlaryny ýitirdiler, Apple bolsa, tersine, artdyrdy. Şeýle-de, Realme hem oňyn dinamikany görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda iň meşhur smartfonlar belli boldy
Monopoly GO mobil oýny her günde 5 million dollar gazanýar
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Wulwerhempton kapitanyny Ewertona berdi
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy