Ýaponiýanyň Honda we Nissan awtoulag konsernleri goşulyşmagy ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada habar peýda bolan dessine Nissan kompaniýasynyň paýnamalary 24 göterim gymmatlady diýip, The Wall Street Journal neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Bu mesele babatda heniz anyk çözgüde gelnenok. Honda kompaniýasynyň saýtynda ýolbaşçylygyň Nissan we Mitsubishi Motors kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýandygy aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, Nissan konserni Mitsubishi kompaniýasynyň paýnamalarynyň 25 göteriminiň eýesidir.
Honda bilen Nissanyň bilelikde bahasy 54 mlrd dollar we ýylda 7,4 mln ulag öndürjek täze kompaniýany döretmegi hem mümkin. Bu görkezijiler ony dünýäde satuwlar boýunça üçünji iri kompaniýa öwürmäge mümkinçilik berer.
Mundan öň Ýaponiýanyň Honda, Nissan we Mitsubishi awtoulag önümçilikçileriniň hytaýly awtoulag kompaniýalarynyň gerimini giňeltmegi bilen baglylykda, köp ýyllar bäri öňdeligi saklap gelen Aziýa bazarynda ep-esli paýyny ýitirendikleri belli boldy. Ýagny 2019-2024-nji ýyllarda bu ýapon kompaniýalary Hytaýda, Singapurda, Tailandda, Malaýziýada we Indoneziýada paýlarynyň uly bölegini elden giderdiler.