"Honda" öz-özüni dolandyryp bilýän awtoulaglary satuwa çykarmaga hyýallanýar

"Honda" öz-özüni dolandyryp bilýän awtoulaglary satuwa çykarmaga hyýallanýar

Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup, halkara klassifikasiýasyna laýyklykda, awtomatlaşdyrmagyň üçünji derejesine laýyk gelýän awtoulaglary satyp başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni NHK teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS ýetirýär.

Ýaponiýanyň Döwlet ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrligi sürüjisiz dolandyrmak üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Legend premium” sedany üçin howpsuzlyk şahadatnamasyny berdi.Awtomatlaşdyrmanyň üçünji derejesinde awtoulag belli bir şertlerde sürüji gatnaşmazdan hereket edip bilýär, mysal üçin, awtoulag ýolundaky akymda tormoz berýär, tizligi artdyrýar ýa-da haýal ulaglary ozup geçýär... Ýöne ruluň başyndaky adam şonda-da ýola gözegçilik etmeli we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga taýyn bolmaly. Şeýle-de bolsa, “Hondanyň” bu modelleriniň tizligi çäkli bolar.

Awtoulag inženerleri jemgyýeti (SAE) ulagyň awtomatlaşdyrmasyny alty derejä bölýärler, bu ýerde nol - awtomatlaşdyrmanyň ýokdugyny aňladýar (ähli işleri sürüjiniň özi edýär), bäşinji dereje bolsa doly awtomatlaşdyrmany aňladýar (sürüjilik işine gönüden-göni goşulmak talap edilmeýär).

Amerikan elektrik awtoulag öndürijisi Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask ozal 5-nji dereje standartlaryna laýyk gelýän doly awtomatlaşdyrmaly awtoulagy döretmek meýliniň bardygyny yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Awtomatlaşdyrylan Honda awtoulaglary
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Awtomatlaşdyrylan sürüş tehnologiýasyny ösdürýär
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Elektroulagda Aziýa öňde
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi