Holann het-trikleriň hökümdary

“Premier Ligada” Mançester derbisi taryhy statistikalara, hasabatlara baý bolup, “Mançester Siti” köne bäsdeşi “Mançester Ýunaýtedi” 6-3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Öz meýdançasyndaky bassyr 8-nji duşuşygynda 3 we 3-den köp gol geçiren “Mançester Sitiniň” gollarynyň 3-sini Fil Foden beýleki 3-sini hem Erling Holann derwezä girizdi.

Foden karýerasy boýunça ilkinji het-trigini eden bolsa, Holannda bu görkeziji 15-ä deňdir. “Mançester Sitidäki” 3-nji het-trigini eden Holann “Moldede” 1, “Salsburgda” 5, “Borussiýa Dortmundda” 4, Norwegiýanyň ýygyndysynda-da 2 gezek het-trik edipdi. “Premier Ligada” bir toparyň öz meýdançasynda geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde yzly-yzyna het-trik eden ilkinji futbolçy bolan Holannyň çempionatdaky gollarynyň sany 14-e ýetip, 2-nji ýerdäki Keýnden 7 gol öňde barýar. Şeýle-de, Holann “Premier Ligada” Mançester derbisinde het-trik eden “Mançester Sitiniň” ilkinji futbolçysy boldy.

Holanndan öň Mançester derbisinde het-trik eden futbolçy Fransis Li bolup, 1970-nji ýylda şäherlileriň 4-1 ýeňen oýnunda 3 gol geçiripid.

Iň çalt 3 het-trik eden futbolçy

Holann “Premier Ligada” iň çalt 3 het-trik eden futbolçy boldy. Ol 8 oýunda bu görkezijä ýetip, Maýkl Oweniň 48, Ruud Wan Nistelrooýyň 59 oýunda ýeten 3 het-triklik hasabatlaryndan ep-esli öňe geçdi.

“Premier Liganyň” taryhynda 3-nji gezek bir klubuň iki futbolçysy bir duşuşykda het-trik edýär. Mundan öň “Arsenalyň” ýyldyzlary Jermain Pennant bilen Rober Pires hem-de “Lesteriň” oýunçylary Aýoze Peres bilen Jeými Wardi 1 oýunda het-trik edipdi. Iki klubuň ady agzalan futbolçylary-da toparlarynyň “Southempton” bilen bolan duşuşygynda 3 gol geçiripdi.

Eýýäm Ronaldo, Drogba dagy bilen deňleşdi

Holann “Premier Ligadaky” 3-nji het-trigi bilen bu ugurda Kristiano Ronaldo, Didie Drogba, Hyn-Min Son, Jeými Wardi, Ole-Gunnar Sulşer, Romelu Lukaku ýaly “Premier Ligada” ençeme ýyl oýnan we oýnap ýören ýyldyzlar bilen deňleşdi. Şeýle-de, “Premier Ligada” Holanndan öň 1 möwsümde 3 het-trik eden 6 futbolçy (Alan Şirer, Harri Keýn, Serhio Aguero, Luis Saures, Dimitar Berbatow, Ruud Wan Nistelrooý) bar.

Super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň ätiýaçda oturan duşuşygynda “Mançester Ýunaýtediň” gollaryny Antoni (56) bilen Antoni Marsial (84, 90+1 p) geçirdi.

Ýene degişli makalalar

“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
NBA-da ilkinji gezek
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi