Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ilkinji gezek ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenildi

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ilkinji gezek ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde eýýäm bäş güni yzda galan hokkeý boýunça halkara ýaryşda şu gün täsin ýagdaý emele geldi. Bäş günüň dowamynda geçirilen 20 duşuşygyň arasynda şu gün ilkinji gezek ýeňiji goşamaça wagtda kesgitlenildi.

Beýle ýagdaý B toparçanyň Dordoý (Gyrgyzystan) ― Wolat (Belarus) duşuşygynda ýüze çykdy.

Birinji we ikinji döwri 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň üçünji döwründe taraplaryňhersi bir şaýba geçirdi. Şeýlelikde, 60 minudy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ýeňiji kesgitlemek üçin goşmaça wagt berildi. Şol wagtyň dowamynda Wolatyň hüjümçisi Eduard Grinn toparynyň ikinji şaýbasyny hem geçirip, gazanylan ýeňşe sebäp boldy.

Bu ýeňiş Wolata halkara ýaryşda üçünji orun ugrundaky duşuşyga çykmaga mümkinçilik berdi. Wolatyň ertir geçiriljek bu duşuşykdaky garşydaşy Özbegistanyň Feniks topary bolar.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Aşgabadyň haýwanat bagynda krokodilleriň we žiraflaryň maşgalalaryna täze agzalar goşuldy, Resul Gylyjowyň simfoniki orkestri Iň gowularyň ählisi Bisde! konsertini berer, Türkmenistanyň günortasynda 35 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar