Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Galkanyň finaldaky garşydaşy belli boldy

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Galkanyň finaldaky garşydaşy belli boldy

Şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň Galkan toparynyň finaldaky garşydaşy boldy. Ol şu gün bassyr dördünji ýeňşini hem gazanyp, edil Galkan ýaly öz toparçasyny (B toparça) 12 utuk bilen birinji orunda tamamlan Adihıc-Kazan hokkeý toparydyr.

Şu gün Kazandan gelen hokkeýçiler jemleji duşuşykda Gazagystanyň Akmola toparyny ýeňip, final duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Galkanyň bu hukugy düýn gazanyp goýandygyny ýatladýarys.

Halkara ýaryşyň final duşuşygy ertir ― 20-nji aprelde sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyk Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, şu günki duşuşyklaryň netijesinde üçünji orun ugrunda ýaryşjak toparlar hem belli boldy. Jemleýji tapgyrda Özbegistanyň Feniks topary Eýranyň Ice Box toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykyp, ertir ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge A toparçadan hukuk gazanan topar boldy. Şu gün Gyrgyzystanyň Dordoýyny ýeňen Belarus Respublikasynyň Wolat topary bu duşuşykda Feniksiň garşydaşy bolar.

Üçünji orun ugrundaky duşuşygyň 20-nji aprelde sagat 10:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Najmiýew netijeli oýunçylaryň sanawynda ýene-de birinji orna geçdi
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar