Sport ýaşaýşy halas etmäge ukyply, koronawirus pandemiýasy döwründe sportuň saglyk üçin nähili möhümdigi aýdyň boldy diýen pikiri Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) başlygy Tomas Bah “Ýigrimiligiň topary” (G20) ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammitinde aýtdy, onuň teswirlerini HOK-nyň metbugat gullugy getirýär diýip, TASS habar berýär.
Şeýle-de, Bah sammite gatnaşyjylary Olimpiýa oýunlarynyň we HOK-nyň syýasy bitaraplygyny goldamaga çagyrdy: “Men Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny diskriminasiýa bolmazdan global raýdaşlygyň beýik nyşanyna öwürmäge mümkinçilik berýän syýasy bitaraplygy goldamagyňyzy haýyş edýärin”. Tokioda Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 25-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler.