Hojaýyny bilen kömekçisini öldürmekde güman edilýän türkmenistanlylar gözlenýär

Hojaýyny bilen kömekçisini öldürmekde güman edilýän türkmenistanlylar gözlenýär

Stambulda hojaýyny bilen ýanyndaky özi ýaly türkmen migrant işgärini öldürenden soň ýitirim bolandygy öňe sürülýän türkmen migrant bilen ýaranlarynyň türk polisi tarapyndan gözlenýändigi öňe sürülýär.

"Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, waka Stambulyň Büýükçekmeje etrabynyň Pynartepe mähellesinde 11-nji dekabrda agşam wagty, 55 ýaşyndaky Rukiýe Baljy atly fermer işewür zenanyň ýaşaýan jaýynda bolupdyr. Gazet hojaýyny bilen özi ýaly beýleki türkmen migrant işgäriň kellesine ullakan çekiç bilen urup öldürendigi güman edilýän türkmenistanly migrant bilen ýaranlarynyň wakadan soň ýitirim bolandygyny bildirýär.

Polis çeşmeleriniň beren maglumatyna görä bolsa, Arýa Özgü düýn agşam ejesine jaň edip, aldyryp bilmänsoň aladalanyp, onuň fermasynda ýaşaýan jaýyna gidipdir.Daşardan gygyran gyzy jogap gelmänsoň, özündäki açar bilen gapyny açyp içerik giren mahaly ejesi Rukiýe Baljy bilen ýanyndaky kömekçisi, türkmen migrantynyň öz otaglarynda aýratynlykda öldürilendigini görüpdir we uly ili bilen gygyryp, goňşularyny kömege çagyrypdyr.

Goňşularynyň habar bermegi bilen wakanyň bolan ýerine köpsanly polis bilen Tiz kömek işgärleri gelipdir.Wakanyň bolan ýerine gelen hekimler öýdäki iki adamyň hem aradan çykandygyny anyklapdyr.

Türk telekanallaryna waka barasynda interwýu beren, öldürilen aýalyň gyzy Arýa Özgü ejesiniň janyna kast edeni bilýändigini nygtaýar.

"Muny eden ýat adam däl, ýagny kimiň edendigini çaklaýarys.Diňe howpsuzlyk işgärleriniň beýannama bermegine garaşýarys. Ýöne şübhelenýän adamymyzy gowy tanaýarys.Onuň ýurtdan gaçaýmagy ahmal diýilýär.Ol şu wagt ýitirim boldy.

Daşary ýurtly bolany üçin onuň hakyky adyny hem bilemizok.Ol türkmenistanly biri.Olar ejemiň bazarda gazanan pullary bilen sumkasyny we şahsy mobil telefonyny hem ogurlap gidipdirler.Ejemiň ýanynda golaýda işe başlan üçünji bir işgäri bardy we ol hem häzir ýitirim boldy.

Ol mundan owal hem ejemiň ýanynda işläp giden bir türkmenistanly migrantdy we men dogrusyny aýtsam, onuň özüni görmedim.Geçen anna güni täzeden işe başlapdy we iki gün işläp, soň ýitirim bolupdy.

Men ondan şübhelenýärin.Ejemiň öýüniň gapysy zor bilen açylmandyr, ýagny gapyda muny görkezýän hiç hili yz ýok.Owaly bilen ejemiň ýanynda işleýän türkmen kömekçisi öldürilipdir we soň hem ejemiň janyna kast edipdirler.

Türkmenistanly migrantlar türkçe atlar bilen lakam ulanýarlar we öz hakyky adyny aýdanoklar" diýip, ejesi öldürilen türk zenany Türkiýäniň telekanallarynda görkezilen interwýusynda aýdýar.

Ýatlap geçsek, bu türkmen migrantlarynyň gatnaşmagynda bolýan ýa-da olaryň öz ildeşiniň janyna kast etmegi görnüşinde bolýan ilkinji jenaýat wakasy däl.

Türkiýede janyna kast edilýän ýa-da dürli saý-sebäplerden ölýän we şol sanda dürli jenaýatlara gatnaşýan türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň garry köpek Portugaliýada ýaşaýar
FIFA dünýä çempionatynyň açylyş oýnuny üýtgetdi