Hojamuhammet Toýçyýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny dördünji orunda tamamlady

Hojamuhammet Toýçyýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny dördünji orunda tamamlady

Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýeledi. Bu barada Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Biziň ildeşimiz ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 404 kilogramlyk netije görkezdi. Şunda onuň silterlemekdäki netijesi 181, itekläp götermekdäki netijesi bolsa 223 kilograma deň boldy.

Hojamuhammet Toýçyýewiň çykyş eden agram derejesinde altyn medala eýranly türgen, Aziýanyň iki gezek çempiony Ali Dawudi (435 kilogram), kümüş medala siriýaly Man Asaad (433 kilogram) we bürünç medala ýaponiýaly Eýsiro Murakami (415 kilogram) mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Hojamuhammet Toýçyýew Olimpiýa medalyndan bir ädimlikde
Türkmenistanly Toýçiýew Tokio-2020-däki çykyşyny 4-nji ýerde tamamlady
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
Ahmet Saryýew: Polina Gurýewa gyzlarda agyr atletika bolan höwesi artdyrdy
Polina Gurýewa: Agyr atletikaçy ýigitlerimize-de üstünlik arzuw edýärin
ÇARY MÄMMEDOW: TOKIO OLIMPIADASYNDAN TAMAMYZ ULY