Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Hojamuhammet Çüriýewiň eserlerinden Magtymguly Pyragy barada oý pikirlem, Magtymguly Pyragy.Bu derdi, Magtymguly Pyragy.Döwran bu gün, Magtymguly Pyragy.Daşlar bilen, Magtymguly Pyragy.
Bilmezmi, Magtymguly Pyragy.Türkmen binasy, Magtymguly Pyragy.Süleýman hakda rowaýat, Magtymguly Pyragy.Turgul diýdiler, Magtymguly Pyragy.Näler görner, Magtymguly Pyragy.Gökje kepderi, Magtymguly Pyragy.
Gözel sen, Güýz, Ýagyşdan soň, Magtymguly Pyragy. Çowdur han, Agşam şapak, Irki çaý, Arzuw, Perişdeler ýaly eserleri bolup, sergide suratkeşiň 55-den gowrak işleri, olardan nakgaş, grafika ýaly sungat eserleri görkezildi.
Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanymyzyň waspy, oba durmuşy, peýzaž bilen baglanyşykly däp-dessurlarymyz, gözelligi hem-de sergide görkezilýän sungat eserlerinde Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan eserler bilen tapawutlanýar.
Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, owadan ahalteke bedewlerimiz, şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.