Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri

Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri

Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri hakynda maglumat bermekçi.

Türkistänyň Piri hökmünde tanalýan we 12-nji asyrda ýaşap geçen Hoja Ahmed Ýasawy yslam dininiň türk taýpalarynyň arasynda ýaýbaňlanmagyna uly goşan goşupdyr.Ahmed Ýasawynyň durmuşy hakyndaky maglumatlar il arasynda aýdylýan rowaýatlara esaslanýar.

Ahmed Ýasawynyň Diwany Hikmet atly eserinde ýazmagyna görä, ol Günbatar Türkistanda häzirki Gazagystan Respublikasynyň günortasynda ýerleşýän Çimkentiň golaýyndaky Saýdam şäherçesinde dogrulýar.Kakasy Ali taýpasyndan Şyh Ibrahim, ejesi Musa Şyhyň gyzy Aýşe hatundyr.

Kiçi ýaşda ejesi we kakasy aradan çykan Ahmed Ýasawy, aýal dogany Göwher bilen birlikde Ýesi şäherine gelipdir.Ilkinji bilimini kakasyndan, soň Saýdamyň tanymal alymlaryndan Sehabeddin ısfajabiden alypdyr. Ýesä gelenden soň “Aslan Baba” atly ussat Ahmed Ýasawynyň mugallymy bolupdyr.

Rowaýatlara görä, Aslan Baba bu wezipäni Hezreti Resulallahyň ruhy alamaty bilen öz üstüne alypdyr.Ahmed Ýasawy, Aslan Baba aradan çykandan soň döwrüň yslam medeniýet merkezlerinden Buhara gelip, döwrüň tanymal alymlaryndan Şyh Ýusup Al Hemedaniden bilim alýar.

Ahmed Ýasawy, Ýusup Al Hemedaniniň aradan çykmagyndan soň onuň ýerine geçýär.Birnäçe wagt soň ýaňadandan Ýesi şäherine yzyna dolanýar we Orta Aziýa türklerine mahusus “Ýasawylyk” mezhebini gurýar.Hoja Ahmed Ýasawy gysga wagt soň garaýyşlary we eserleri bilen tutuş Türkistanda ýakyndan tanalmaga başlanýar.

Hoja Ahmed Ýasawy wagtyň geçmegi bilen musulman ýurtlarynda hem şan-şöhrada eýe bolýar.Yslam äleminde onuň ýakyndan tanalmaga başlanmagyndan soň “Medinede Muhammed, Türkistanda Hoja Ahmed” sözü ýaýbaňlanýar.Hoja Ahmed Ýasawynyň haçan doglandygy doly bilinmeýär. “Fakr name” atly eserde onuň 73 ýyl ýaşandygy we 1166-njy ýylda aradan çykandygy nygtalýar.

Hoja Ahmed Ýasawynyň esasy rowaýatlaryndan biri hem 63 ýaşynda mahaly “Pygamberimiz Hezreti Muhammede Alla Tagalla 63 ýaşyny beripdir.Maňa hem mundan soň bu dünýede ýaşamak haramdyr” diýip ýeriň aşagynda çilehana gurdurup galan ömrüni şol ýerde geçirendigi aýdylýar.

Hoja Ahmed Ýasawynyň hikmetlerini, pikirlerini we edebi poeziýasyny öz içine alýan eserine şu günki güne Diwany Hikmet diýilýär. Diwany Hikmet, Türk dünýäsiniň yslam dinini tanamagynda uly rol oýnapdyr. Meşhur dilçi alym Eraslan, Diwany Hikmet hakynda şeýle diýýär. “Hikmetleriň, paýhaslaryň mazmuny yslamyň, Türkistan sopuçylygyna we ýasawylyga degişli ýörelgelerden we ynançlardan ybaratdyr”.

Eserde Alla bolan söýgi, Allanyň birligi, erk we güýç, Hezreti Pygambere hormat, Hezreti Pygamberiň şerigaty we sünnetleri, yhlasy, ybdat, yslam ahlagy, yslam rowaýatlary, ahyretdäki durmuş, asmanyň we dowzahyň beýany, derwiş bolmagyň jogapkärçilikleri, yslam hekaýalary, sopular we ýalňyzlyk barada gürrüň edilýär. Şu günki güne çenli Hoja Ahmed Ýasawynyň 250-ä golaý hikmetiniň üstünde işlenilýär.

Hoja Ahmed Ýasawynyň hikmetleriniň şu günki güne çenli gelip ýetmeginde onuň sada türk dilinde ýazmagy uly rol oýnapdyr.Hoja Ahmed Ýasawyndan soňky derwişleriň hem edil Hoja Ahmed ýaly sada türk dilinde şygyr ýazmagy onuň hikmetleriniň biziň günlerimize çenli gelip ýetmegi taýdan diýseň möhüm.

Hikmetleriň gol ýazma nusgalary dünýäniň birnäçe kitaphanasynda sergilenýär. İň gadymy nusga bolsa XVI we XVII asyra degişli nusgalardyr. Diwany Hikmediň käbir nusgalary Stambul uniwersitetiniň Türkiýat ylmy barlag institutynyň kitaphanasynda, Ahmet Jaferogly, Emel Esin nusgalary, Mançestrde “Jon Raýlands” uniwersietiniň kitaphanasynda, Stambul uniwersitetiniň, Millet, Konýa Möwlana muzeýiniň kitaphanasy bilen Leningrad şäherindäki Aziýa halkary muzeýinde sergilenýär.

Pikirleri bilen birnäçe asyrdan bäri öz täsirini dowam etdirýän Hoja Ahmed Ýasawynyň aradan çykan gününiň 850-njy ýylynda ÝUNESKO tarapyndan 2016-njy ýyl “Hoja Ahmed Ýasawy Ýyly” hökmünde yglan edildi. Hoja Ahmed Ýasawyndan soň türk dünýäsinde öçmejek yz galdyran Möwlana, Ýunus Emre we Hajy Bektaşy ýaly döwrüň tanymal şahsyýetleri gelýär.

Ýene degişli makalalar

Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Numan Kurtulmuş Gazagystana we Özbegistana sapar gurar
Tatar Türkçesi - 1
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Orta Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin elektrik tok kesilmeler başdan geçirilýär