Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler

Gazagystanyň hökümeti Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähiniň ýagdaýyny öwrenmek üçin 300 milliondan gowrak tenge bölüp berdi. “Kazinform”-yň habaryna görä, bu barada Respublikanyň Premýer-ministriniň orunbasary Altaý Kulginow tarapyndan mälim edildi.

-Häzirki wagtda Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähindäki çyglylygyň ýagdaýyny öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylda aramgähiň her böleginde onuň temperaturasyna, çyglylygyna we diwarlaryň jaýrylmagyna gözegçilik edýän gözegçilik ulgamy oturdyldy.

Degişli ministrlikleriň ygtyýaryndaky ylmy barlag institutlary Türküstan şäherine baryp, ýerasty, ýerüsti (suwaryş, emeli) suwlaryň aramgähe edýän täsiri barada deslapky gözleg-barlag işlerini geçirdi – diýip Kulginow belledi.Kulginowyň aýtmagyna görä, aramgähiň diwarlaryndan kerpiç, stalaktit we çäge garyndysynyň fiziki-himiki we fiziki-mehaniki aýratynlyklaryny kesgitlemek üçin laboratoriýa barlaglary geçirildi.

Altaý Kulginow şu ýyl aramgähiň ýagdaýyny öwrenmäge ylmy guramalaryň birnäçesiniň gatnaşjakdygyny aýtdy. “2022-2024-nji ýyllar üçin toplumlaýyn meýilnama işlenip düzüldi.Bu meýilnamanyň çäginde 2023-nji ýylda dürli ylmy-barlag institutlary tarapyndan aramgähiň ýagdaýyny öwrenmek boýunça işler alnyp barylar.

Aramgäh 40 metr beýiklikdäki 35 otagly binadyr. Şunuň bilen baglylykda, uly göwrümli binanyň tehniki ýagdaýyny saklamak üçin her ýyl ýurduň býujetinden maliýe serişdeleri bölünip berilýär – diýip Kulginow aýtdy.

Hoja Ahmed Ýasawy (1103-1166) Merkezi Aziýanyň meşhur filosofy, şahyry.Ol eserlerini garahanlylar-uýgur dilinde ýazypdyr.Ol “Diwani hikmet” goşgular ýygyndysy bilen giňden tanalýar.Ol sufizm mekdebini esaslandyryp, köp sanly şägirtleri ýetişdirip, yslamyň Merkezi Aziýada ýaýramagynda möhüm rol oýnapdyr.

Hoja Ahmуd Ýasawy aradan çykandaт 233 ýyl soň, Teýmirleňiň buýrugy bilen Ýassy şäherinde (Türküstan) Ahmed Ýasawynyň aramgähi gurlup, sebitdäki musulmanlaryň zyýarat edýän ýerine öwrülipdir.

Ýene degişli makalalar

Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
“Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow
Fuýu Türkçesi
Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri: Il Arslanyň täsin aramgähi
ЗАВЕРШИЛСЯ ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy