Hökümetiň giňişleýin mejlisinde 6 aýyň jemleri jemlenildi

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde 6 aýyň jemleri jemlenildi

12-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutany giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy.

Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.

“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, ýurduň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurduň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi.Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy, köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutany ýurduň eksport mümkinçiliginiň artdyrylandygy, pudaklara sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, ýurt boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Milli Boksçylar Samet Gümüş Bilen Kerem Özmen Altyn Medal Aldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmentel — 2022 halkara sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmentel 2022 halkara sergisi
Milli Okçy Mete Gazoz Bürünç Medal Aldy
Milli tennisçi Zeýnep Sönmez Çempion Boldy