Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi

24-25-nji iýul aralygynda Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işlenýän senagat ministri B.Torobaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti nygtaldy.

Taraplar energetika, oba hojalygy, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji Teswirnama gol çekildi we 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny import etmek baradaky gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanda bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi