Hökümet täze münberiň açylyşyna taýýarlanýar, hassahanlarda näsaglara orun, kislorod haltalary ýetmeýär

Hökümet täze münberiň açylyşyna taýýarlanýar, hassahanlarda näsaglara orun, kislorod haltalary ýetmeýär

Lebapda ýaşaýjylara sanjym etmek tagallalary togtadyldy, waksinadan netije ýok diýen karara gelindi, sebäbi ýogalýanlaryň arasynda waksina alan almadykdan köp, "pandemiýany diňe distansiýa, aralyk düzgünlerini saklap, öýden çykman ýeňip bolar" diýen sözler köp aýdylýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Şeýle-de habarçy sebitiň dermanhanalarynda wirusa garşy hiç bir dermanyň ýokdugyny belleýär.

Bu maglumatlar hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabat açyljak desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän hökümet münberiniň açylmagyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşan gününiň yz ýanyndan geldi.

Şu aralykda Mary welaýatynyň hassahanalarynyň hem ýüküniň juda agralandygy, "wirus bilen kesellän" diýilýän näsaglaryň barha kän getirilýändigi habar berilýär.

Dermanlar, kislorod haltalary, hassahanalaryň palatalaryndaky näsag orunlary getirilýän näsaglaryň hemmesine ýetmeýär. Agyr ýatan hassalara kislorody gezekleşdirip berýärler diýip, näsaglaryň garyndaşlary, saglyk hünärmenleri bilen gürleşen habarçy aýtdy.

Hassahanalaryň kislorod haltalaryny her sagatda dolduryp durmaly, agyr hassalaryň her birine azyndan ýarym sagat kislorod berilýär, kislorod maskasyny aýranlarynda özi dem alyp bilmeýän hassalar hem az däl, emma muňa garamazdan, gezekleşdirip berilmese, her agyr hassa aýratynlykda kislorod bermek mümkinçiligi ýok diýip, saglyk hünärmeni Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Emele gelen agyr ýagdaý bilen baglylykda, etrap hassahanalarynyň baş lukmanlaryna merkeze 5-15 aralygynda kislorod balonyny ugratmak tabşyrygy berildi; merkezde sebitlerdäki hassalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanmaýarlar, diňe buýruk bermegi biýärler diýip, anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri aýtdy.

Aýdylmagyna görä, diňe hassahana başlyklaryna däl, eýsem welaýatdaky ýerli telekeçilere hem kislorod balonlaryny satyn almak we merkeze kömek hökmünde ugratmak buýrugy berildi.

Şu aralykda kislorod balonlarynyň bahasy 2000 manada çykdy. Ýokardan gelen talaplar diňe kislorod balonlary bilen hem çäklenmeýär, hususy eýeçilikdäki dermanhanalar hem, saglyk ministrliginden gelen buýruk esasynda, sanawda görkezilen bir topar dermany merkeze ugratmaly edildi diýip, Azatlyga gelen habarda aýdylýar.

Bu buýruk derman üpjünçiligi ozalam pes bolan dermanhanalaryň tasdan boşap galmagyna getirdi, köp dermanhanada wirusa garşy dermanlar satuwda asla ýok; antibiotikler hem azaldy, dermanhanalara barýan adamlar öz gözleýän dermanlaryny tapman, gerek dermanlaryny sorap, bir ýerde dermanhana bolsa aýlanyp çykýarlar.

Marynyň welaýat merkezindäki hassahanalarda ýer bolmansoň, Gresdäki, Şatlyk şäherçesindäki sanatoriýalary wagtlaýyn ýokanç kesel hassahanasyna öwürdiler.

Hassa gaty kän, kesel ýokuşan maşgalalarda agyr ýatan hassalar hem bar, arasynda tutuş maşgala agzalarynyň ýogalýan halatlary hem bolýar, yzly-yzyna jeset çykarylýar; ölen adamlary öýlerine ugratmak üçin dermanlap, paketde daňyp ýetişmeýärler, näsag köp bolansoň, lukmanlar 24 sagat aýak üstünde durýar diýip, habarçy hassahana getirilýärkä jan berýän adamlaryň hem bardygyny belledi.

Hassahanalar doly bolansoň, öýde bejergi alýanlar hem az däl, öýme-öý diýen ýaly wirus ýokuşan ýaşaýjy bar, ýokanç keseliň beýle çalt depginde möwjemegine biziň welaýatymyzyň hassahanalary düýpden taýyn däl eken diýip, Azatlygyň barydaky habarçysy habar berdi.

Medeniýet we metbugat meseleleri boýunça wise-premýer Mährijemal Mämmedowanyň 3-nji sentýabrdaky hökümet mejlisinde beren hasabatyna görä, 16-njy sentýabrda açyljak täze hökümet münberi häzir "sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly" bezelýär we bu işler hökümet münberinde geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň köp öwüşginli bolmagyny üpjün edip, “bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanýandygyny alamatlandyrar".

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, täze hökümet münberi döwlet gaznasyna $109,3 million, onuň öňündäki köçe bolsa 64,66 million manat möçberindäki serişdä düşýär.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň ýurtdaky saglyk ýagdaýlary baradaky habarlaryna açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi
Balkanda zähmet haklary gijikdirilýän işçileriň ençemesi öz islegleri bilen işden çykýar
Görülmedik gurakçylyk Somalinyň ilatyna howp salýar
Abu Seýid Abul Haýryň kümmetinden tapylan teňňeleriň arassalanylyşy we rejelenilişi
Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi
Amazonda Uly Tokaý Ýitgisi Emele Geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi