Hökümet mejlisinde 11 aýyň jemlerine garaldy

Hökümet mejlisinde 11 aýyň jemlerine garaldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegiň, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar noýabr aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, ýurduň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy
ÝB bilen Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Prezident nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi