Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi

Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi

Hasan Nasrallaž Ysraýylyň goşuny tarapynda 30-njy iýulda Liwanyň paýtagty Beýrudyň Dahiýe etrabynda öldürilen guramanyň ýokary derejeli serkedelerinden Fuad Şüküriň ýedisi mynasybetli geçirilen çärä wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Çykyşynda Ysraýylyň goşunynyň 30-njy iýuldan bäri garaşýan hüjümi hakynda durup geçen Nasrallah; “Gaýtawulymyz güýçli we netijeli bolar. Meýdana çykmaga garaşýarys. Ar alyş ýekelikde ýa-da söweşiň beýleki fronlary bilen (Ýemendäki husiler we Yrakdaky şaýy söweşijiler) bilelikde gurarys” diýdi.

Nasrallah Hamasyň lideri Ismail Haniýýanyň bolsa Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilmegi sebäpli Ysraýyla diňe bir Eýranyň däl, eýsem Hizbullahyň we Ýemeniň hem gaýtawul görkezjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar
Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
“Abanýan Howplara Egilşik Etmeris”
Dünýäde Palestina Goldaw Ýörişleri Geçirilýär
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy