Hizbullah, Ysraýylyň Demirgazygyndaky Harby Merkezlere Hüjüm Gurady

Hizbullah, Ysraýylyň Demirgazygyndaky Harby Merkezlere Hüjüm Gurady

Liwandaky Hizbullah, Ysraýylyň demirgazygynda ýerleşýän harby merkezlere hüjüm gurady.

Hizbullah tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň demirgazygynda “Rawiýe” harby merkezine uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygy, hüjümde ýaralananlaryň bardygy nygtaldy.

Basyp alyşlyk astyndaky Golan depelerinde ýerleşýän Ez Zagurada Ysraýylyň harby goşunyna degişli topçy topara raketalar bilen, edil şonuň ýaly Al Mytylly sebitinde hem Ysraýylyň esgerleriň bolýan binasyna dürli ýaraglar bilen hüjüm guralandygy bellenildi.

Hizbullah, ozal beren beýannamasynda, Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwanyň günortasynda guran howa hüjümlerinde gurama agza 412 adamyň öldürlendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl Siriýa Howa Hüjümini Gurady
Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär