Hizbullah Ysraýylly 17 Esgeriň Öldürlendigini Habar Berdi

Hizbullah Ysraýylly 17 Esgeriň Öldürlendigini Habar Berdi

Hizbullahdan berlen ýazmaça beýannamada, çaknyşyklarda ysraýylly 17 esgeriň öldürlendigine üns çekildi.

Ysraýylyň harby goşuny bolsa gury ýer hüjümleriniň başlan güni bolan 30-njy sentýabrdan bäri Liwandaky çaknyşyklarda 9 esgeriniň ýogalandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny 30-njy sentýabrda Liwanyň günortasynda Hizbullaha degişli ýerlere çäkli gury ýer hüjümini başladandygyny aýan edipdi.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri çaknyşýan Ysraýylyň harby goşuny 17-18-nji sentýabrda Hizbullahyň aragatnaşyk ulgamyny nyşana alypdy.

23-nji sentýabrda hem Liwanyň günortasyndaky şäherler bilen birlikde Bekaa we Baalbek sebitlerine ýüzlerçe howa hüjümini gurapdy.

Liwanly resmilere görä, Hizbullahyň aragatnaşyk ulgamynyň nyşana alynan gününden ýagny 17-nji sentýabrdan bari 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen 1374 adam ýogaldy.

Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah, Ysraýylyň harby goşunynyň 27-nji sentýabrda Beýruda guran howa hüjüminde öldürildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
Ýaralanan Ysraýylly Esgerleriň Sany 4 Müň 881-e Ýetdi
Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Liwandan Siriýa geçýän adamlaryň sany artýar