Hirurg-lukmanlar dünýädäki iň görmegeý erkek kişini saýladylar

Hirurg-lukmanlar dünýädäki iň görmegeý erkek kişini saýladylar

Kosmetolog-hirurglar dünýäde iň görmegeý erkek kişini saýladylar, ol 34 ýaşly britan aktýory Aaron Teýlor-Jonson diýip, MIR24 ýazýar.

Hünärmenler altyn kesişme ölçegi boýunça aktýorlaryň ýüzüniň deňölçegliligini seljerdiler. Alnan netijeler Teýlor-Jonsonyň ýüz ölçegleriniň nusgalyk derejä 93,04 göterim gabat gelýändigini görkezdi.

Sanawda ikinji orunda Adatdan daşary we Emili Parižde seriallarynda surata düşen aktýor Lýusýen Lawiskont (92,41göterim) we üçünji orunda Güneşim meniň dramasyndaky keşbi üçin Oskar baýragyny alan Pol Meskal (92,38 göterim) ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýogaldy
93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa