Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýetini deňiz sammitine çagyrdy

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýetini deňiz sammitine çagyrdy

Türkmenbaşy şäherine eden iş sapary wagtynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň çäginde ilçi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi.

Ilçihananyň sosial ulgamlarda habar bermegine görä, jenap Widhu Pithambaran Nair Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýetini Hindistanda geçiriljek Global deňiz sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Ozal ilçi Widhu Pithambaran Nairiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp görendigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Türkmenistan 2023-nji ýylda öz ýük gämilerini gurup başlar
Moldowa we Gruziýa Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryna öwrülýär
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi
Akyldaryň okan mekdebi
“Abadan” önümçilik kärhanasy mürepbeleriň täze görnüşini ýola goýdy
Halk hakydasy we häkimiýetler: gadaganlyklaryň sebäbi nämede?