Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy

Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy

Hindistanyň saýlaw topary ýurtda dowam edýän parlament saýlawlarynda esasy bäsdeşler bolan dolandyryjy Hindistanyň Halk partiýasyna (Bharatiýa janata parti) we öňdebaryjy garşylykçy partiýa bolan Hindi Milli Kongresine (HMK) ýatlatma ýollady. Onda özüňi alyp barmagyň kodeksini berjaý etmek hem-de synp, dil we dini mowzuklar boýunça saýlawdan öňki wagyzlary alyp barmazlyk duýdurylýar. Resminamalaryň nusgasy bilen TASS habarlar gullugy tanyşdy.

Resminamalar ady agzalan partiýalaryň liderlerine ýurduň Premýer-ministri Narendra Modä we Rahul Gandä (HMK) ýollandy. Hatlarda jemgyýetiň arasynda agzalalyk döredip biljek çykyşlardan saklanmak duýdurylýar.

Hindistanda 19-njy aprelde parlament saýlawlary başlandy. Bäsdeşlik parlamentiň aşaky palatasyndaky ýerleriň 543-si üçin dowam edýär. Ses berlişik birnäçe tapgyrdan durup, iýunda tamamlanar. 20-nji maýda saýlawlaryň 6-njy tapgyr geçdi, 25-nji maýda ahyrky— ýedinji tapgyry geçer.

Saýlawlarda üçünji gezek premýeriň wezipesine dalaş edýän Bharati janata partiniň lideri Modi öňde barýar. Onuň bilen I.N.D.I.A. (Indian National Developmental Inclusive Alliance, Hindistanyň milli inklýuziw ösüş alýansy) garşylykçy bileleşigi bäsleşýär. Bileleşik 28 sany umumymilli we sebit partiýalary özünde birleşdirýär, emma onuň düzüminde esasy güýç Rahul Gandiniň liderlik edýän Hindi Milli Kongresi partiýasydyr.

Ýene degişli makalalar

Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar
Paýhaslar
Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar
Hindistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Mahatma Gandiniň heýkeline gül goýdy