Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Türkmenistan gazetiniň ýazmagyna görä, düýn maksatnama laýyklykda, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky Bagt köşgi toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi.
Hanym Sawita Kowind özi üçin işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen hem tanyşdy we Gül Zaman toý mekanyna baryp gördi. Bu ýerde oňa milli tagamlar hödürlenildi. Şeýle hem toý mekanynda milli lybaslaryň görkezilişi boldy. Agşamlyk bolsa myhman zenan Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, paýtagtymyzyň özboluşly agşamky görnüşlerini synlady.
Şu gün bolsa hanym Sawita Kowind söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan Aşgabat söwda-dynç alyş merkezine baryp gördi.