Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind şu gün Aşgabatdaky Bagtyýarlyk sport toplumynda ýerleşýän Mahatma Gandiniň heýkeline gül goýdy hem-de şol ýerdäki seýilbagda dostluk nahalyny oturdy.
Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, Mahatma Gandi görnükli şahsyýet hökmünde bütin dünýäde tanalyp, hindi halkynyň durmuşynda uly orun eýeleýär, onuň pelsepewi ýörelgeleri halkara syýasatynyň esasynda goýlup, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde gollanma bolup hyzmat edýär.
2-nji aprelde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşiklerinde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow 2015-nji ýylda Aşgabatda ýadygärligi açylan, hindi milletiniň ruhy lideri Mahatma Gandiniň zorluk ulanmazlyk hem-de parahatçylykly ýaşaşmak baradaky filosofiýasynyň türkmen Bitaraplygynyň ideýa we ruhy-ahlak kökleriniň biri bolandygyny aýratyn bellemegi hem bu meşhur şahsyýete belent hormatyň nyşany boldy.