Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar

Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar

Soňky gezek Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen 2021-nji ýylda Özbegistanda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler maslahatynda duşuşan Modi, bu gün bolsa Russiýanyň paýtagty Moskwa sapar guraýar.

Iýunda aýynda kasam edip 3-nji gezek premýer ministr wezipesini ýerine ýetirmäge başlan Narendra Modi, Putin bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçirmäge we tapawutly global meseleleri maslahatlaşmaga garaşýandygyny habar beripdi.

ABŞ-da, Ukraina we Hindi-Ýuwaş umman sebitindäki howpsuzlyk aladalarynyň öň hatara çykjak NATO Liderler sammitiniň geçirilýän günlerinde amala aşyrylýan Modi-Putin duşuşygynda taraplaryň söwda, howpsuzlyk, sebitleýin we global meseleler ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Hindistanyň premýer ministri Narendra Modiniň Russiýa saparyna reaksiýa bildiren ABŞ, Hindistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşjakdygyny pikir edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi
Modi Moskwa bardy
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy