Hindistanyň Ozalky Premýer-ministri Sinh Aradan Çykdy

Hindistanyň Ozalky Premýer-ministri Sinh Aradan Çykdy

Hindistanyň ozalky Premýer-ministri Manmohan Sinh, 92 ýaşynda aradan çykdy.

Birnäçe wagtdan bäri ýarawsyzlygy sebäpli bejergi alýan Sinh, bejergi alýan hassahanasynda aradan çykdy.

Hassahana tarapyndan berlen beýannamada, “Sinhiň 92 ýaşynda aradan çykmagyna uly gynanç bildirýäris” diýildi.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “Hindistanyň ozalky liderlerinden biri bolan lukman Manmohan Sinhiň ýogalmagyna gynanç bildirýäris. Hindistan, halkynyň galkynyşyna uly goşant goşan liderini hormatlamak bilen ýatlar” diýildi.

Modi habarnamasynda, Sinhiň maşgalasyna gynanç bildirdi.

Sinhiň aradan çykmagy sebäpli ýurtda 7 günlik milli ýas yglan edildi.

Hindistanyň 13-nji Premýer-ministri Manmohan Sinh, 2004-2014-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň Sih dinine agza ilkinji premýer-ministri bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Trampbi bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy