Hindistanyň kompaniýalary BP-niň we “ExxonMobiliň” Russiýanyň nebit pudagyndaky paýyny satyn almakçy

Hindistanyň kompaniýalary BP-niň we “ExxonMobiliň” Russiýanyň nebit pudagyndaky paýyny satyn almakçy

Hindistanyň Nebit we tebigy gaz ministrligi ýurduň döwlet korporasiýalaryna BP britan korporasiýasynyň Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasyndaky paýyny satyn almak barada teklip bilen ýüz tutdy. Bu barada “The Economic Times” neşiri habar berdi diýip, www.vesti.ru ýazýar.

Şeýle-de Hindistanyň hökümeti ýerli “ONGC Videsh” kompaniýasyna “ExxonMobil” nebit kompaniýasynyň “Sahalin-1” taslamasyndaky paýyny satyn almak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Öň BP Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasynyň paýdarlar kapitalyndan çykmak kararyna gelipdi, onuň “Rosneftdäki” paýy 19,75 göterimi tutýardy.

“Sahalin-1” energetika taslamasyna ExxonMobil (30 göterim), SODECO (Ýaponiýa, 30 göterim), "Rosneft" (20 göterim) we ONGC (Hindistan, 20 göterim) gatnaşýar. Bu taslamanyň ýataklarynyň umumy gory nebitiň 307 million tonnasy we tebigy gazyň 485 milliard kubmetri möçberde bahalanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
“Forbes”: Rus bazaryndan giden Günbataryň energetika kompaniýalary milliardlarça ýitgi çekerler
Türkmenistan nobatdaky gymmatbaha desgany açyp, ene-atalaryň student çagalaryna pul ibermegini çäklendirýär
Halkara nebitgaz forumy ýapyk Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi nazarlaýar
2022: Türkmenistanda GDÝMG $936 milliona deň boldy