Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi

Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi

Şahruh Han, Salman Han we beýleki meşhur kino ýyldyzlary Hindistanyň iň köp hak alýan aktýorlarynyň sanawyna girýärler. Emma olaryň ählisinden hem günorta Hindistanyň kino ýyldyzy Wijaý Talapati filmde döreden keşbi üçin iň köp hak alýar diýip, Bollywoodlife.com saýty ýazýar.

Habarda Amitabh Baççan, Şahruh, Salman we Aamir Han ýaly ýyldyzlaryň keşp hakynyň tutuş filmiň býujetinden ýokarydygy ýazylýar.

Emma olaryň ählisinden hem kinoprokatçylara iň köp girdeji getirýän we ummasyz hak gazanýan tamil kinosynyň aktýory Wijaý Talapatidir.Ol 1974-nji ýylyň 22-nji iýunynda ýurduň Çennaý şäherinde dünýä indi.

Hakyky ady Wijaý Jozef bolan bu aktýor häzirki wagtda her filmi üçin 200 kror rupiýa alýar (1 kror 10 million rupiýa deň).Deňeşdirmek üçin, Şahruh, Salman we Aamir Hanlar hem-de Akşaý Kumar her film üçin 100-150 kror alýarlar diýip, ady agzalan neşir ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, Wijaý Talapatiniň şu ýyl prokata çykan Warisu atly dramasy uly kassa ýygymlaryny gazandy.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň kanuny ugurlary maslahatlaşyldy