Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy

Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy

Hindi milliarderi Mukeş Ambaniniň maşgalasynyň emlägi ýurduň Jemi içerki önüminiň tas 10 göterimine golaýlady. Bu barada Barclays-Hurun India bankynyň hasabatyna salgylanýan Hindustan Times neşiri habar berdi.

20-nji martdaky ýagdaýa görä, Ambanileriň baýlygy 25,7 trln rupiýa ýa-da 385,5 mlrd dollara ýetdi. Ambaniniň Reliance Industries işewürlik senagaty ýurtda iň iri telekeçilik bolmagynda galýar, ol energetika, telekommunikasiýalar we bölek söwda toplumyny gurşap aldy.

Hindistanyň iň baý maşgalalarynyň sanawyndaky ikinji orunda milliarder Niraja Bajajanyň maşgalasy ýerleşip, baýlygy 7,13 trln rupiýa deňdir. Ilkinji üçlügi 5,39 trln rupiýalyk emläk bilen Kumar Birliniň maşgalasy jemledi.

Hindistanyň bu üç maşgalasynyň aktiwleriniň jemi 460 mlrd dollar bahalanýar we Singapuryň Jemi içerki önümine deňdir diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady forum geçirildi
Eýranda Ýas Çäreleri Geçirilýär
Eýranyň Prezidenti Raisi Soňky Ýoluna Ugradyldy
Eýranyň Prezidenti Raisi dogduk şäheri Maşatda ýerlendi
Erkek kişi burny bilen ýalt harp ýygmakda rekord goýdy
Erkek kişi burny bilen çalt harp ýygmakda rekord goýdy