Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi

Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi

Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi ýurduň Prezidenti Draupadi Murmu bilen duşuşyp, Ministrler Kabineti bilen birlikde iş başyndan gitdi diýip, Prezidentiň sekretariatyna salgylanýan RIA Nowosti habar berdi. Murmu ondan we Ministrler Kabinetinden täze Hökümet saýlanýança işi dowam etmegi haýyş etdi diýlip, habarda aýdylýar.

Kesgitlenen kanunçylyga görä, Parlamente saýlawlaryň netijeleri boýunça Premýer-ministr we Ministler Kabineti iş başyndan gitmeli, emma täze Hökümet düzülýänçä işini dowam etmeli.

Hindistanda geçen saýlawlaryň jemleri boýunça Modiniň Bharatiýa Janata parti partiýasy Parlamentde orunlaryň 240-sini aldy, emma bu hökümeti düzmek üçin gerek bolan sandan 32 orun azdyr, ýagny munuň üçin 543 sesiň 271-sini gazanmaly.

Şunuň bilen birlikde Modiniň partiýasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Milli-demokratik alýans bileleşigine girýän partiýalaryň seslerini hasaba almak bilen, bu bileleşik Parlamentde orunlaryň 292-sini alýar, bu bolsa Modä koalision häsiýetli täze Hökümeti düzmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy