Hindistanyň günorta-gündogaryny Fengal tupany basdy

Hindistanyň günorta-gündogaryny Fengal tupany basdy

Hindistanyň günorta-gündogaryna aralaşan Fengal harasaty netijesinde ulag aragatnaşygy kesildi. PTI habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, deňiz tupany sebäpli dörän sil joşmalarynda üç adam tok urup, pida boldy.

Çennai şäheriniň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy suwa gark bolup, 50-den gowrak içerki we halkara uçuşlar togtadyldy. Gatnawlaryň ýene 19-sy başga howa menzillerine geçirildi.

Sebitde ähli suwa düşülýän ýerler ýapyldy, ýerli ýaşaýjylara öýlerinde galmak maslahat berildi.

Öň soňky 30 ýyldaky iň güýçli sil joşmalary Tailandyň birnäçe ülkesini basdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler
Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler