Hindistanyň ýaşaýjylarynyň 100 töweregi ýurduň demirgazygynda üç günläp dowam eden çakdanaşa yssy sebäpli heläk boldy, olaryň aglabasy 60 ýaşdan ululardyr diýip, bu ýurduň India Today teleýaýlymy habar berdi.
Uttar-Pradeş ştatynyň Balliýa okrugynyň hassahanalaryna 400 adam kömek sorap ýüz tutdy, olaryň ählisi 42,2 dereje gyzan yssy howa zerarly özlerini ýaramaz duýýandyklaryny aýtdylar. Soňra olaryň 54-siniň aradan çykandygy habar berildi. Pida bolanlaryň ýagdaýyna ötüşen keselleriniň howanyň gyzmagy sebäpli has-da ýitileşmeginiň täsir edendigi aýdylýar.
Goňşy Bihar ştatynda hem 44 adam çakdanaşa yssynyň pidasy boldy. Käýerlerde termometriň sütünjigi 45 gradusy görkezýär. Okrugda yssy howa sebäpli mekdepleriň ählisi ýapyldy.